23-nji ýan­wa­r­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de, şeý­le hem Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­de Türk­me­nis­ta­na iş sa­pa­ry bi­len ge­len “Eu­ro­news” ýew­ro­pa mag­lu­mat te­le­ýaý­ly­my­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di.
Da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len ýyg­nak­da Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry B.Mä­ti­ýew we te­le­ýaý­ly­myň sa­tuw we hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Sil­wa­in Žan Iw Ro­že gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar we hal­ka­ra mag­lu­mat gi­ňiş­li­gin­de uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­ga gö­nük­di­ri­len me­ýil­na­ma­la­ry be­ýan et­di­ler.
Ta­rap­lar soň­ky on ýyl­da Türk­me­nis­tan­da bo­lup ge­çen mö­hüm wa­ka­la­ry be­ýan et­mek üçin bir­nä­çe üs­tün­lik­li tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni gör­kez­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
“Eu­ro­news” bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne bo­lan ynam we üns üçin türk­men ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, ýew­ro­pa te­le­ýaý­ly­my­nyň we­kil­le­ri bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri güýç­len­dir­mä­ge we öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler.
Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gy bi­len ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň çä­gin­de bi­le­lik­dä­ki mag­lu­mat ma­te­ri­al­la­ry­ny taý­ýar­la­mak­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, Türk­me­nis­tan­da bo­lup geç­ýän öz­ge­riş­lik­le­ri hu­su­san-da bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ry şöh­le­len­dir­mek bo­ýun­ça gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ra üns be­ril­di.
Myh­man­lar Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän tä­ze dö­re­di­len Hal­ka­ra mag­lu­mat mer­ke­zi­niň we­zi­pe­le­ri we iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar.
Bu nuk­daý­na­zar­dan, “Eu­ro­news”-yň we­kil­le­ri hal­ka­ra mag­lu­mat ul­ga­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk et­mek üçin uzak möh­let­le­ýin stra­te­gi­ki ga­ra­ýyş­la­ry­ny paý­laş­dy­lar.