Nepalyň Syýahatçylyk edarasynyň wekili Himal Gautam Ýeriň iň beýik nokady bolan Ewereste çykmak üçin täze düzgüniň giriziljekdigini mälim etdi. Täze düzgünde dag gerişleriniň arassa saklanmagy we daga dyrmaşyjylara kömek edýän işgärlere (şerpa) goldaw berilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, daga dyrmaşmaga isleg bildirýänler öňünden arassaçylyk üçin 4 müň dollar töleýärler. Yzyna gelenden soňra, ol ýerde zir-zibil taşlamadyk bolsa, puly yzyna gaýtarylyp berilýär.
Her ýyl 400-den gowrak adam günorta ugur bilen dagyň çür depesine çykmak üçin rugsat alýar. Tejribesiz adamlar insiz ýodalarda dyknyşygyň döremegine sebäp bolup bilýär. Şol sebäpli, täze düzgünde ozal azyndan 7 müň metrlik daga dyrmaşyp görendigini subut edýän resminamasy bolanlaryň Ewereste çykmagyna rugsat berler. Milli parlamentde kabul edilen çözgüt ýurduň ýokarky palatasyndan geçenden soňra güýje girer.
Bahargül LALLYKOWA,
«Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Babadaýhan etrap aragatnaşyk bölüminiň hünärmeni.
PDF









