Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti in­di­ki ýyl ýur­duň Osa­ka şä­he­rin­de me­ýil­leş­di­ril­ýän “Expo 2025” dün­ýä ser­gi­si­ni yza süý­şür­me­giň ze­rur­ly­gy­ny gör­me­ýär. Bu ba­ra­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş sek­re­ta­ry Ýe­si­ma­sa Ha­ýa­si To­kio­da ge­çi­ri­len met­bu­gat üçin mas­la­hat­da aýt­dy. Go­laý­da Ýa­po­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy howp­suz­lyk mi­nist­ri Sa­nae Ta­kai­ti ýur­duň Pem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da ýy­lyň ba­şyn­da bo­lan yzy­gi­der­li ýer­tit­re­me­le­rin­den soň Ýa­pon deň­zi­niň ke­nar­ýa­ka­syn­da­ky se­bit­le­riň di­kel­dil­me­gi­ni ile­ri tut­mak mak­sa­dy bi­len “Expo 2025” ser­gi­si­ni yza süý­şür­me­gi mas­la­hat ber­di. Bu ser­gi­ni Osa­ka­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky ka­rar 2018-nji ýyl­da Pa­riž­dä­ki Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ros­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da ka­bul edil­di.
Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­rin­de 2025-nji ýy­lyň 13-nji ap­re­lin­den 13-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da “World Expo 2025” ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Osa­ka aý­la­gyn­da ýer­leş­ýän eme­li gur­lan Ýu­me­si­ma ada­sy ser­gi­niň ge­çi­ril­jek ýe­ri hök­mün­de saý­lan­dy. Bu ada 2019-njy ýyl­da G20 sam­mi­ti­niň gu­ra­lan ýe­ri bo­lan IN­TEX Osa­ka ser­gi top­lu­my­nyň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. “Expo-2025” des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, tak­my­nan, 125 mil­liard ýen (1,1 mil­liard dol­lar) sarp et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär we bu dö­wür üçin çyk­da­jy­lar, tak­my­nan, 80 mil­liard ýen (730 mil­li­on dol­lar) bo­lar.
“Ýag­ty dur­muş üçin gel­jek­ki jem­gy­ýe­ti dö­ret­mek” “Expo 2025” ser­gi­si­niň baş şy­ga­ry bo­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ser­gi, tak­my­nan, 28 mil­li­on ada­my özü­ne çe­kip, Osa­ka­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 18 mil­liard dol­lar tö­we­re­gi gir­de­ji ge­ti­rer. Bü­tin­dün­ýä ser­gi­le­ri­niň dä­bi XIX asy­ryň or­ta­la­ry­na uza­ýar: il­kin­ji “Expo” ser­gi­si 1851-nji ýyl­da Lon­don­da ge­çi­ri­lip, Pa­riž şeý­le ser­gi­le­riň al­ty­sy­ny özün­de ka­bul ed­ýär. Ser­gi 170-den gow­rak ýur­duň gat­naş­ýan iň uly hal­ka­ra ser­gi­si­dir. Olar bäş ýyl­dan bir ge­zek ylym­da, teh­no­lo­gi­ýa­da, bi­na­gär­lik­de we sun­gat­da öz ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler.