Britan auksion öýi «Dominic Winter” fizik Albert Eýnşteýniň ilkinji skripkasyny 1 million funt sterlinge satdy. Bu barada BBC teleradiokompaniýasy habar berýär. Guralyň ahyrky bahasy çaklamadan birnäçe esse ýokary boldy. Eýnşteýniň skripkasynyň başda 268-302 müň dollar bahasy bardy.
Gural Margareta Hommrihiň ýuwlugy tarapyndan satyldy. Gymmat bahaly miras onuň maşgalasynda 70 ýyl saklanypdyr. Skripka oňa Hommrihiň tanyşlaryndan, fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi Maks fon Laue tarapyndan düşüpdir. Guraly oňa Eýnşteýniň özi sowgat beripdir. Eýnşteýn ABŞ-a gitmezden ozal käbir zatlaryny, şol sanda ilkinji skripkasyny hem Maks fon Laue galdyran eken.
Eýnşteýn bu skripkany 1890-njy ýyllarda Germaniýada satyn alypdyr. Ol ejesiniň haýyşy boýunça çagalygyndan gural çalmagy öwrendi. Fizik skripka “Lina” diýip, oýup ýazypdyr.