Eýran Yslam Respublikasy syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen 32 döwlet üçin wiza düzgünini birtaraplaýyn esasda ýatyrmagy meýilleşdirýär. Eýranyň Ministrler Kabineti bu çözgüdi tassyklady.
Ýurduň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezzatolla Zargaminiň ýolbaşçylygyndaky ministrlik bu babatda degişli teklibi taýýarlady. Eýranyň metbugatynyň habar bermegine görä, bu teklip Ministrler Kabineti tarapyndan makullandy.
Soňky maglumatlara görä, Eýrana gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 4,4 milliona deň boldy. Şolaryň 1,1 milliony Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlardan barypdyr.
Wiza düzgüniniň ýatyrmak babatdaky maksatnamadaky ýurtlar: Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn, Saud Arabystany, Katar, Kuweýt, Indoneziýa, Bruneý, Ýaponiýa, Singapur, Kamboja, Malaýziýa, Wýetnam, Braziliýa, Peru, Kuba, Meksika, Boliwiýa, Wenesuela, Bosniýa we Gersegowina, Serbiýa, Horwatiýa, Belarus, Liwan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Tunis, Mawritaniýa, Tanzaniýa, Zimbabwe, Mawrikiý we Seýşel adalary.