Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistan-Türkiýe tebigy gaz eksportunyň başlanandygyny habar berdi. Eýranyň nebit ministri Muhsin Paknejad Yragyň elektrik energetika ministri Ziad Ali Fadhil bilen geçiren duşuşygynda bu barada belläp geçdi. Bu barada Eýranyň “Shana” habarlar gullugy habar berýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar şu ýylyň 1-nji martyndan Türkmenistanyň tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilip başlanjakdygyny habar beripdi.
Alparslan Baýraktar Türkmenistandan satyn alynýan tebigy gaz bilen 1,5 million hojalygyň zerurlyklarynyň kanagatlandyryljakdygyny aýdypdy.