Ýakynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýurduň käbir ýerleriniň, şol sanda paýtagt Tähranyň “çynlakaý” suw krizisine duçar bolandygyny ýatlatdy. Bu barada “Fars” habarlar gullugy habar berdi.
Döwlet Baştutany, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bolan duşuşygynda öz administrasiýasynyň meseläni çözmek üçin alyp barýan çäreleri barada durup geçdi.
-Häzirki wagtda golaýdaky Talakan bendinden Tährana güýzde welaýaty ýeterlik suw bilen üpjün etmek üçin gije-gündiz tagalla edilýär – diýip, Pezeşkian belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ädimiň paýtagtyň suw meselesini çözmäge kömek edip biljekdigi ýa-da ýokdugy belli däl, sebäbi welaýatda ygal 45% azaldy.
“Eýranyň bentlerindäki suw gorlary, olaryň umumy kuwwatynyň bary-ýogy 42 göterimini eýeleýär” diýip, IRIB döwlet habarlar gullugy habar berdi. Hasabatda 2024-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan bäri ýurduň suw howdanlaryna diňe 23,56 milliard kub metr suw guýlup, munuň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40,55 milliard kub metrden 42% azalandygyny aňladýar.
Tähranyň Bäşinji etrap suw üpjünçilik we lagym kompaniýasynyň baş müdiri Muhammet-Taky Hosseinzade Tähranyň bentlerindäki suw gorlarynyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýetjekdigini aýtdy we raýatlary suw sarp edilişine gözegçilik etmäge çagyrdy.
Eýranyň Suw ätiýaçlyklary gullugynyň maglumatlaryna görä, suw ýetmezçiligi, esasan, şu suw ýylynyň başyndan bäri ýurdaky görlüp-eşidilmedik guraklyk bilen baglanyşykly. Bu meseläni çözmek üçin Eýranyň häkimiýetleri gysga möhletli çözgüt hökmünde ofisleri ýapmaga we zyýan çeken şäherlerde iş wagtyny gysgaltmaga başladylar.