Angliýanyň FA Kubogy ýaryşynda 3-nji tapgyrynda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşy bolan FA Kubogynda “Premier Liganyň” hem-de “EFL Championship”-iň (2-nji liganyň wekilleri 3-nji tapgyrdan başlap (1/32 final), bäsleşige goşulýar. Geçirilen duşuşyklardan soň APL-niň 20 klubunyň 6-sy ýaryşdan çykdy. Şolaryň arasynda geçen möwsümde 120 ýyllyk taryhynda gazanan ilkinji iň uly kubogy bolan FA Kubogyň häzirki eýesi “Kristal Palas” hem bar. London şäheriniň wekili myhmançylykda 6-njy liganyň kluby “Makklesfildden” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Dawson hem-de Bakli-Rikketsiň gollary bilen ýeňiş gazanan “Makklesfild” 3-nji tapgyra çykanlaryň arasynda iň aşaky liga wekilçilik edýän 2 klubuň biridi. Şeýlelikde, FA Kubogynyň taryhynda 1909-njy ýyldan bäri, ýagny 117 ýyldan soň, ilkinji gezek kubogyň eýesi topar esasy esasy 4 liga degişli bolmadyk klubuň wekili tarapyndan ýaryşdan çykaryldy. Şol bir wagtyň özünde “Makklesfild” topary 2009-njy ýyldan soň “Premier Liganyň” wekiliniň derwezesinden 2 gol geçiren ilkinji “National League” kluby hökmünde hasaba alyndy.
APL-niň wekilleriniň özara duşuşyklarynyň netijesinde “Braýton” myhmançylykda “Mançester Ýunaýtedi”, “Aston Willa” hem Londonda ýerli “Tottenhamy” 2-1 hasaplar bilen ýeňdi. “Braýtona” ýeňiş getiren gollary Gruda bilen “Mançester Ýunaýtediň” ozalky hüjümçisi Welbek, şeýle-de “Aston Willany” 4-nji tapgyra çykaran gollary Buendia bilen Rojers derwezä girizdi.
“Nýukasl” bilen “Bornmutyň” arasyndaky oýnuň esasy we goşmaça wagty 3-3 hasabynda deňlikde gutaryp (Barns 50, 118, Gordon 90+5 p – Skott 62, Bruks 68, Tawernier 120+2), 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde ýer eýeleri ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.
2-nji ligada çykyş edýän “Reksam” topary öz meýdançasynda “Nottingam Forest” toparyny esasy wagty 3-3 hasabynda tamamlanan oýnuň netijesinde 11 metrlik jerime urgulary arkaly ýeňlişe sezewar etdi.
Soňky 40 ýylda 10 gol geçiren ilkinji iňlis kluby
“Mançester Siti” öz meýdançasynda 3-nji liganyň wekili “Ekseter” toparyny 10-1 hasabynda ýeňdi. “Mançester Siti” topary 1986-njy ýyldan bäri uly ýaryşlaryň çäginde bir oýunda 10 gol geçiren ilkinji iňlis topary hökmünde hasaba alyndy. Soňky gezek 1986-njy ýylda “Liwerpul” topary “Fulhamy” 10-0 hasabynda utupdy.
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekilip, “Liwerpul” bilen Braýton”, “Arsenal” bilen “Wigan”, “Aston Willa” bilen “Nýukasl”, “Hall Siti” bilen “Çelsi” toparlary duşuşarlar. Duşuşyklar 13-16-njy fewral aralygynda geçiriler.
4-nji tapgyryň duşuşyklary (1/16 final):
Arsenal – Wigan, Aston Willa – Nýukasl, Birmingem Siti – Lids Ýunaýted, Börnli – Mansfild Tawn, Burton Albion – West Ham, Grimsbi Tawn – Wulwerhempton, Hall Siti – Çelsi, Liwerpul – Braýton, Makklesfild – Brentford, Mançester Siti – Salford Siti/Swindon Tawn, Norwiç Siti – West Bromwiç, Oksford Ýunaýted – Sanderland, Port Weýl – Bristol Siti, Southempton – Lester Siti, Stok Siti – Fulham, Reksam – Ipswiç Tawn
PDF









