Soňky 1-1,5 aýdan bäri “Fenerbahçe” bilen Aktürkoglunyň ady gazetleriň, internet saýtlarynyň setirlerinden birjigem düşmedi. Şu gün gelýär, ertir gelýär diýlip berlen habarlar ahyry hakykat ýüzünde amala aşdy. “Fenerbahçe” topary geçen tomusda “Galatasaraýdan” “Benfika” transfer bolan türkiýeli ýarymgoragçy Kerem Aktürkogluny 22,5+2,5 million ýewro düzümine goşdy. 26 ýaşyndaky oýunçy “Fenerbahçe” bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Galatasaraýda” 4 möwsüm oýnan Aktürkoglu “Fenerbahçeden” ýyllyk 4,7 million ýewro hak alar. Ýyldyz futbolçy geçen hepdäniň dowamynda “Benfikada” şu möwsümdäki ýeke-täk goluny UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynda “Fenerbahçe” toparynyň derwezesinden geçirip, häzirki klubuny ýaryşdan çykarypdy.