Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri PSŽ öz meýdançasynda “Lillden” 4-1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňlişsiz ýoluny dowam edýän parižliler gollarynyň 4-sini hem 1-nji ýarymda geçirip, Barkola, Markinios, Dembele hem-de Due tapawutlandy.
“Marsel” topary öz meýdançasynda “Nanty” Guiri we Grinwudyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi.
“Monako” öz meýdançasynda Reýmsi 3-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Gollaryň 3-sini hem täze transfer Mika Biret geçirip, ol 34-nji, 39-njy we 51-nji minutlarda tapawutlandy. Biret soňky 28 günde has takygy, 1-28-nji fewral aralygynda 3 gezek het-trik etdi. Möwsümiň 1-nji ýarymyny “Şturm Gras” toparynda geçiren 22 ýaşyndaky hüjümçi 1-nji fewrald “Oseriň”, 15-nji fewralynda-da “Nantyň”, 28-nji fewralda-da “Reýmsiň” derwezesinden 3 gol saldy. Ol çempionatda 7 oýunda 10 gol geçirdi.
Lakazettiň 2 goly bilen “Lionyň” öz meýdançasynda “Bresti” 2-1 hasabynda ýeňen tapgyrynda myhmançylykda “Renn” “Monpelieni”, “Tuluza” bolsa “Anženi” 4-0 hasaplar esasynda utdy.
Monako – Reýms: 3-0 (Biret 34, 39, 51),
Sent-Etien – Nissa: 1-3 (Stassen 32 – Rosario 10, Nade 52 ö.d., Gessand 69),
Lans – Le Hawr: 3-4 (El-Aýnaui 3 p, Agilar 19, Sotoka 48 – Sumare 28, Aýew 33, Kazimir 62, Hassan 90+1 p),
PSŽ – Lill: 4-1 (Barkola 6, Markinios 22, Dembele 28, Due 37 – Dewid 80),
Lion – Brest: 2-1 (Lakazett 24, 82 – Lala 15 p),
Monpelie – Renn: 0-4 (Fofana 28, Sisse 56, Assinion 69, Kalimuendo 88),
Oser – Strasbur: 0-1 (Emegha 47),
Anže – Tuluza: 0-4 (Magri 51, Sierro 57, Kresswell 71, Edžuma 90+4),
Marsel – Nant: 2-0 (Guiri 73, Grinwud 77)