«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ikinji aýynda ata Watanymyzda köp sanly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Fewral aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, brifingleriň, sergileriň, wagyz-nesihat çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda we welaýatlardaky medeniýet ojaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan birnäçe çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeliginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Döwlet simfoniki orkestriniň türkmen kinofilmleriniň sazlaryndan düzülen konsert we başga-da birnäçe çäreler hem geçiriler.
Bu barada 23-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.