Fin aýlagy bu ýyl soňky 10 ýyldaky iň giň gerimli doňaklygy başdan geçirse gerek diýip, «Helsingin Sanomat» gazeti habar berdi.
Sebäbi buz örtgüsiniň çäkleri adatdakydan has uzaklara çenli ýetdi hem-de Arhipelag deňzine çenli fin kenarýakalary bilen uzaboýuna günbatar etraplary gurşap aldy. Aýlagyň gündogar bölegi şatlap doňdy, adalygyň özünde-de doň buzuň galyňlygy 10-40 sm deň. Sowuk howa mundan beýläk hem dowam etse, buz ýapynjasy çägini giňeltmek we gatamak bilen bolar.
Öň hakyky ýowuz aýazly gyş 2010-2011-nji ýyllarda hasaba alyndy, şonda Baltika deňziniň demirgazyk bölegi tutuşlygyna buzluk bilen örtüldi.
PDF








