Aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Ford” ug­le­rod bi­ta­rap­ly­gy­ny ga­zan­mak üçin dür­li tas­la­ma­la­ra go­şant goş­ýar. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy Is­pa­ni­ýa­nyň Wa­len­si­ýa şä­he­rin­de önüm­çi­lik des­ga­syn­da aras­sa elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mek üçin Gün pa­ne­li­ni otur­dar. “Ford”-yň ýurt­da­ky za­wo­dyn­da tä­ze 2,8 MWt Gün pa­ne­li­niň gur­nal­ma­gy bi­len her ýyl­da 6441 MWt ener­gi­ýa ön­dü­ri­ler. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň gur­nan pa­nel­le­ri ar­ka­ly al­nan ener­gi­ýa bu ýer­dä­ki 1400 öýi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder.
“Ford” şu ýy­lyň to­mus aý­la­ryn­dan baş­lap, Gün za­wo­dy­ny ýyl­da 3,768 MWt (or­ta­ça 1100 öý üçin ýe­ter­lik) gi­ňelt­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. 2024-nji ýy­la çen­li kom­pa­ni­ýa za­wo­dyň üçek­le­ri­ne iň ýo­ka­ry güý­ji 10 MWt-a ýet­ýän Gün pa­nel­le­ri­ni oturt­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Ame­ri­kan bren­di­niň met­bu­gat be­ýa­ny­na gö­rä, bu ýer­dä­ki “Ford” za­wo­dyn­da ula­nyl­ýan äh­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy 2022-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan bä­ri aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den alyn­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de, “Ford”-yň Ýew­ro­pa­da­ky önüm­çi­lik za­wod­la­ry­ny kuw­wat­lan­dyr­mak üçin sa­tyn alyn­ýan äh­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­ler­den ön­dü­ril­ýär.
Bü­tin dün­ýä­de “Ford” 2050-nji ýy­la çen­li önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň äh­li­sin­de ug­le­rod bi­ta­rap­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Şun­da ösüş mak­sat­la­ry­ny üç esa­sy ug­ra – elekt­rik ula­gy­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, üp­jün edi­ji­ler bi­len iş­leş­mä­ge we kom­pa­ni­ýa­nyň des­ga­la­ry­ny gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa ge­çir­mä­ge gö­nük­dir­ýär.
Kom­pa­ni­ýa önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­mek üçin aras­sa çeş­me­ler­den ener­gi­ýa ön­dür­ýän ta­rap­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Hu­daý­na­zar Al­la­ber­di­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.