Biogaz bilen işleýän traktor

206

Ni­der­land­la­ryň “New Hol­land Ag­ricul­tu­re” kom­pa­ni­ýa­sy “T7 Me­tan Po­wer LNG” at­ly trak­to­ry­ny hö­dür­le­di. Eko-trak­to­ryň aý­ra­tyn­ly­gy sy­gyr­dyr go­ýun­la­ryň der­sin­den al­nan gaz bi­len iş­le­me­gi­dir. Şeý­le ýan­gyç ön­dür­mek teh­no­lo­gi­ýa­sy “Ben­na­mann” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de iş­le­nip dü­zü­lip­dir. Dür­li iý­mit we beý­le­ki zy­ňyn­dy­lar­dan, şol san­da mal­la­ryň der­sin­den bio­gaz ön­dü­ril­ýär. Bio­ga­zy ön­dür­mek üçin mu­nuň üçin ga­lyn­dy­lar uly tank­lar­da ýyg­nal­ýar, bu ýer­de mik­ro­or­ga­nizm­le­riň kö­me­gi bi­len gaz eme­le gel­ýär. Ne­ti­je­de, eme­le ge­len gaz aras­sa­lan­ýar we ýan­gyç hök­mün­de ula­ny­lyp bi­lin­jek bio­me­ta­na öw­rül­ýär. Bu ga­zy şol ba­da ýa­kyp ula­nyp ýa-da -162 de­re­je so­wuk­da su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz öw­rüp bol­ýar. Su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy bol­sa is­len­dik wagt ula­nyp bol­ýar. Gaz ön­dür­mek üçin ula­ny­lan ga­lyn­dy­la­ry bol­sa, so­ňun­dan ýe­ne dö­kün hök­mün­de ula­nyp bol­ýar.
Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, me­ta­ny ýan­gyç hök­mün­de ulan­mak mö­hüm­dir. Se­bä­bi ga­zyň bu gör­nü­şi glo­bal ýy­ly­ly­gyň art­ma­gy­na hem se­bäp bol­ýar.

Gül­noz Ah­me­do­wa, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by