Fransiýanyň Poçta gullugy mesge goşulan kruassan ysly markany ulanyşa goýberdi. Bu barada edaranyň resmi saýty habar berdi. Marka 2019-njy ýyldan bäri Fransiýanyň Çörek we konditer önümleri konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän iň oňat kruassan bäsleşiginiň çäklerinde döredildi.
-Fransuz gastronomiýasynyň nyşany we fransuzlaryň iň halaýan konditer önümi bolan kruassan, çörek önümleriniň naýbaşylarynyň biridir – diýip, Fransuz çörekhanalarynyň we konditer önümleriniň milli konfederasiýasynyň başlygy Dominik Anrakt belledi.
Ysly poçta markasy halkara ýollamalar üçin 2,10 ýewro nyrh möçberde elýeterlidir.