22-23-nji noýabrda ýigrimiligiň (G20) sammiti Ýohannesburgda geçirilip, has adalatly global dolandyryşa çagyryş edýän jarnama kabul edildi. G20 sammiti ilkinji gezek Afrika yklymynda geçirilýär. “Raýdaşlyk, deňlik we durnuklylyk” temasyna bagyşlanan iki günlük çäre Afrika üçin möhüm pursaty görkezdi.
“Günorta Afrika Respublikasynda G20 sammiti: Liderleriň jarnamasy” atly jarnamada G20 agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň ýardamy bilen köptaraplaýynlygy güýçlendirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Sammite gatnaşyjylar parahatçylygyň durnukly ykdysady ösüşiň ýolydygyny nygtadylar we ykdysady deňsizligiň we durnuksyzlygyň artmagy ýaly global kynçylyklary çözmekde halkara hyzmatdaşlygynyň we köptaraplaýyn çözgütleriň möhümdigini bellediler.
“Biz global ykdysadyýet üçin bar bolan we ýüze çykýan töwekgelçilikleri we kynçylyklary çözmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini nygtaýarys” diýlip, jarnamada aýdylýar.
Resminama görä, G20 liderleri Pariž ylalaşygynyň howa maksatlaryna ýetmek üçin global maýa goýumlarynyň artdyrylmagynyň zerurdygyny, şeýle hem ähli çeşmelerden milliardlarça dollardan trillionlarça dollara çenli global maýa goýumlaryny we howa maliýeleşdirmesini çalt we düýpli derejede artdyrmak zerurlygyny ykrar etdiler.
Şu jähetden, olar ähli degişli maliýe akymlaryny şu maksatlara laýyk getirmegiň, şol bir wagtyň özünde maliýeleşdirmegi, mümkinçilikleri we tehnologiýa geçişini meýletin we özara ylalaşyk esasynda, ösýän ýurtlaryň ileri tutulýan ugurlaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutup artdyrmagyň möhümdigini belleýärler.
“Biz BMG-niň Biologik dürlülik baradaky Konwensiýasynyň (COP15) Taraplarynyň Konferensiýasynyň 15-nji sessiýasynda kabul edilen Kunming-Monreal Global Biodürlülik Çarçuwasynyň çalt, doly we netijeli durmuşa geçirilmegine ygrarlydygymyzy tassyklaýarys we beýleki ýurtlary hem şeýle etmäge çagyrýarys” diýlip, jarnamada bellenýär.
Şeýle hem resminamada gender deňligine ýetmek üçin zenanlaryň we gyzlaryň hukuklarynyň giňeldilmeginiň möhümdigi nygtalýar.
“Pekin Jarnamasynyň we Hereket platformasynyň 30 ýyllygyny belläp, biz olaryň doly, netijeli we çalt durmuşa geçirilmegine ygrarlydygymyzy tassyklaýarys” diýip, jarnamada mälim edilýär.
Günorta Afrika Resppublikasy 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda G20-niň başlyklygyny kabul edip, başlyklyk edýän ilkinji Afrika ýurdy boldy. Birleşen Ştatlaryň 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda başlyklyk etmegi meýilleşdirilýär.