Me­de­ni mi­ras hal­ky­my­zyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­ly­gy­dyr. Zer­gär­çi­lik se­net­çi­li­gi şol baý­lyk­la­ry­my­zyň bir ül­şü­dir. Asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş alyp gaýd­ýan bu sun­gat kä­mil mil­li mi­ra­sy­myz­dyr. Türk­men hal­ky­nyň zer­gär­çi­lik önüm­le­ri di­ňe bir nepis sungat bol­man, dur­muş ze­rur­ly­gy bo­lup, sag­ly­ga hem ýa­ram­ly­dyr.
Türk­men zer­gärlerniň dö­re­den şaý-be­zeg­le­ri çe­per­çi­lik taý­dan kä­mil­li­gi, dür­lü­li­gi we maz­mun taý­dan köp öwüş­gin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ola­ryň ýa­sa­ly­şyn­da, na­gyş­la­ny­şyn­da, at­lan­dy­ry­ly­şyn­da hal­kyň geç­mi­şi, mil­li me­de­ni aý­ra­tyn­lyk­la­ry, dö­re­di­ji­lik uky­by öz be­ýa­ny­ny ta­pyp­dyr. Ola­ryň ýü­zü­ne çe­kil­ýän na­gyş­lar, go­ýul­ýan gym­mat­ly daş­lar hem aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri türk­men­ler buý­sanç bi­len da­kyn­ýan şaý­la­ry­nyň be­zeg bi­len bir­lik­de, sag­ly­gy ber­kit­mek hä­si­ýe­ti­ne eýe­di­gi­ne hem yna­nyp­dyr­lar. Go­rag şaý­la­ry­nyň ag­la­ba bö­le­gi­ni, esa­san, ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen şaý-be­zeg­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri düz­ýär.
ХIХ-ХХ asyr­la­ra de­giş­li ça­ga şaý­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň he­mi­şe­lik ser­gi zal­la­ryn­da gör­ke­zil­ýär, gaz­na­syn­da aýaw­ly sak­la­n­ýar we yl­my taý­dan öw­re­nil­ýär. Mu­ze­ýi­miz­dä­ki şol ça­ga şaý­la­ry­nyň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri ba­ra­da du­rup geç­me­gi ma­kul bil­dik.
Ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen şaý-be­zeg­ler sa­da­dan tä­sin, öz­bo­luş­ly we köp gör­nüş­li bo­lup, olar, esa­san, ça­ga baş­gap­la­ry­na, ça­ga­la­ryň eli­ne, aýa­gy­na, boý­nu­na, eg­ni­ne da­ky­lyp­dyr we kür­tek­çe­le­ri­ be­zäp­dir. Şeý­le şaý­la­r ýa­sa­lan­da ça­ga­la­ryň ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­ göz öňün­de tu­tulyp­dyr. Ça­ga­la­ryň tah­ýa­dyr bö­rük­le­ri­ne ýy­lan­ba­şy, do­ga­çyr, tu­mar­ça, goç­buý­nuz, guş­dyr­nak, bent­li göz­mon­juk ýa­ly şaý­la­ry da­kyp­dyr­lar. Bo­ýun­la­ry­na, egin­le­ri­ne, ar­ka­la­ry­na, döş­le­ri­ne we aýak­la­ry­na ok-ýaý, bäz­bent, ilik-kilt, aýak­bu­kaw, bur­ma, düw­me, sy­ta­ra, dag­dan ýa­ly şaý­la­ry da­kan bol­sa­lar, geç­miş­de kä­bir se­bit­ler­de ýaş og­lan­jyk­la­ryň tah­ýa­la­ry­na gup­ba hem da­kyp­dyr­lar. Ýo­kar­da ag­za­lan şaý­la­r ýa­sa­lyş, na­gyş­la­nyş usul­la­ry, at­la­ry we se­bit aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­ýun­ça bi­ri-bi­rin­den düýp­gö­ter ta­pa­wut­lan­ýar­lar.
Bur­ma kü­müş sim­den işi­lip, tow­la­nyp ýa­sal­ýan düw­me­li be­zeg bo­lup, oý­na­waç hök­mün­de ýa­ňy aýak bi­ten ça­ga­nyň in­ji­gi­ne ýa-da go­şa­ry­na ga­ňyr­ça­gyň hal­ka il­di­ril­me­gi ar­ka­ly da­kyl­ýar. Onuň ça­ga eli­ni ýa-da aýa­gy­ny he­re­ket­len­di­ren wag­ty jyň­ňyr­dar ýa­ly bir­nä­çe düw­me­jik­le­ri bol­ýar. Ýö­re­me­gi ýa­ňy öw­re­nen ça­ga­jyk üçin onuň çy­kar­ýan se­si gy­zyk­ly bol­ýar. Bu şa­ýyň «bur­ma» ady bur­lup ýa­sa­lyş usu­lyn­dan ge­lip çy­kan­dyr.
Ça­ga­la­ryň aýa­gy­na da­kyl­ýan şaý­la­ryň ýe­ne bir gör­nü­şi aýak­bu­kaw­dyr. Ýa­sy kü­müş­den aý­law gör­nü­şin­de ýa­sa­lan, ha­kyk we çüý­şe gaş­lar bi­len be­ze­len, na­gyş­ly­ja bol­ýar. Onuň ete­gi düw­me­li ýa-da şel­pe­li gör­nüş­le­ri hem bol­ýar. Aýak­bu­ka­wy, esa­san, üç-bäş ýaş­la­ry­ndaky çaga da­kyp­dyr­lar.
Bäz­bent jü­büt ýa­sa­lyp ça­ga kür­tek­çe­si­niň, do­nu­nyň iki om­zu­na, ar­ka­sy­na ýa-da dö­şü­ne da­kyl­ýan iki gat te­ge­lek kü­müş be­zeg şa­ýy­dyr. Ol gal­kan şe­kil­li, na­gyş­la­ry­na al­tyn ça­ýy­lan, mer­ke­zi ul­la­kan ha­kyk da­şyn­dan gaş­ly, ga­şyň tö­we­re­gi «üzül­mez» nag­şy bi­len be­ze­len, iki gat ga­pyr­jak gör­nüş­li bol­ýar. Bäz­ben­de, esa­san, ösüm­lik dün­ýä­sin­den al­nan na­gyş­lar «is­li­mi»,«bug­daý», «çy­byk» we «ýy­la­ny­zy» ýa­ly na­gyş­lar ha­şam­lan­ýar.
Ok-ýaý iki-üç ýaş­dan al­ty-se­kiz ýaş ara­ly­gyn­da­ky og­lan­jyk­la­ryň kür­tek­çe­si­niň, do­nu­nyň ar­ka­sy­na da­kyl­ýan ok-ýaý şe­kil­li be­zeg­dir. Ýer­li­gi kü­müş­den bo­lup, ýü­zü­ne al­tyn ça­ýyl­ýar, ha­kyk gaş­la­ry otur­dyl­ýar. «Epe­nek», «ner­rek», «çy­byk», «bug­daý», «ker­ke­re», «aý­gy­zyl» ýa­ly na­gyş­lar bi­len ha­şam­lan­ýar. Onuň aşak ta­ra­pyn­da şel­pe­le­ri, düw­me­le­ri, ýo­kar­syn­da kür­tä, do­na ber­ki­der ýa­ly iki-üç sa­ny gulp­ja­ga­zy bol­ýar. Bu şa­ýyň ady onuň şe­ki­li­niň ok­dur ýa­ýa meň­ze­dil­me­gi esa­syn­da goý­lup­dyr. Oňa ýur­du­my­zyň Gün­ba­tar se­bit­in­de «peý­kam» di­ýil­ýär.
Türk­men­le­riň ara­syn­da giň­den ýaý­ran ça­ga şaý­la­rynyň ýe­ne bi­ri guş­dyr­nak­dyr. Bu şa­ýyň ýer­li­gi kü­müş­den, ýü­zü­ne al­tyn ça­ýy­lan, «üzül­mez» nag­şy bi­len be­ze­len dört­burç gör­nüş­li bo­lup, ýo­ka­ry ba­şy çar ta­ra­pa eg­re­lip du­ran şa­ha meň­zeş­dir. Guş­dyr­nak ça­ga tah­ýa­sy­nyň, top­bu­sy­nyň de­pe­si­ne da­kylyp­dyr. Halk ara­syn­da bu şaý go­çak, şah at­la­ry bi­len hem bel­li­dir.
Goç­buý­nuz dört­burç ga­pyr­jak şe­kil­li, ýo­kar­sy iki ta­ra­pa ba­kyp du­ran şah gör­nüş­li, ýü­zi ha­kyk gaş­ly, al­tyn ça­ýy­lan, aşa­gy düw­me­li, iki gap­da­ly tah­ýa ber­ki­der ýa­ly gulp­ly be­zeg bo­lup, goç­buý­nuz ady onuň şe­ki­li­niň go­çuň şa­hy­na meň­zeş­li­gi esa­syn­da ga­lyp­dyr.
Dag­dan ýer­li­gi iki gat kü­müş­den ýa­sa­lan, ýü­zü­ne altyn ça­ýy­lan, pöw­ri­ze, ha­kyk gaş­lar bi­len be­ze­len şaý bo­lup, onuň ki­çi­jik gör­nüş­le­ri­ni ala­ja ýü­pe dü­züp, ça­ga­la­ryň bo­ýun­la­ry­na dak­ýar­lar. Dag­da­nyň ýo­kar­sy «goç­buý­nuz», «hü­wi» gör­nüş­li bo­lup, ýü­zü­ne «epe­nek» et­mek ar­ka­ly şa­hyň şe­ki­li we dür­li çyz­myk­ly na­gyş­lar sa­lyn­ýar.
Us­sat zer­gär­le­ri­miz ça­ga kür­tek­çe­si­ne ni­ýet­läp kür­te gu­lak şa­ýy­ny ýa­sap­dyr­lar. Bu şaý kü­müş­den ýa­sa­lyp, ýü­zü­ne al­tyn ça­ýy­lan, iki sa­ny meň­zeş bö­lek­den bo­lup, ýo­kar­syn­da bir gulp, aşa­gyn­da bir­nä­çe gulp­ keb­şir­le­nip, ola­ra hal­ka ar­ka­ly zyn­jyr­ly şel­pe­ler­dir düw­me­ler bi­rik­di­ri­lip­dir. Kür­te gu­la­gyň ýü­zü­ne ha­kyk, çüý­şe gaş­lar otur­dy­lyp, tö­we­re­gi «is­li­mi», gy­ra­la­ry «ker-ke­re» na­gyş­lar bi­len be­ze­lip­dir. Bu be­zeg şa­ýy og­lan­jyk­la­ryň kür­tek­çe­si­niň ga­na­ty­na da­kyp­dyr­lar. Kür­te gu­la­gy, esa­san hem, ýur­du­my­zyň gü­nor­ta se­bit­le­rin­de da­ky­lýar. Gün­ba­tar­ly ene­le­ri­miz bolsa, «ger­den do­ga­jyk» be­zeg şa­ýy­ny da­kyp­dyr­lar. Ol og­lan­la­ryň üst­ki eşi­gi­niň ger­de­ni­ne da­ky­lyp­dyr. Şaý kü­müş­den ýa­sa­lyp, ýü­zü­ne al­tyn gat­lak epe­nek et­mek usu­lyn­da be­ze­lip­dir. Ger­den do­ga­jyk üç­burç­luk we te­ge­lek şe­kil­li plas­ti­na­la­ra iki sa­ny gulp keb­şir­le­nip, bi­ri-bi­ri­ne hal­ka­lar ar­ka­ly bi­rik­di­ri­lip­dir. Şa­ýyň ýü­zi «no­kat», «go­çak», «is­li­mi» na­gyş­lar bi­len be­ze­lip­dir.
Şaý­la­ryň äh­li­si owa­dan­ly­gy, nepisligi bi­len hä­si­ýet­len­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň ýi­tip git­mez­li­gi we ony gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek üçin uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Enegül BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.