Rimde açylan täze arheologik muzeýde 100 ýyl töweregi wagt bäri görkezilmän gelýän Gadymy Rimiň mermer kartasy köpçülige hödürlendi. Mermer karta miladydan öň, 203-nji we 211-nji ýyllar aralygynda imperator Septimiý Seweriň döwründe oýulyp ýasalyp, 150 sany aýratyn plitalarda gadymy Rimiň şol döwürdäki görnüşi şekillendirilipdir.
Ol gadymy şäheriň diwarynyň ýüzüne berkidilipdir, ýöne asyrlaryň geçmegi bilen kem-kemden ýumrulansoň, ýerli ýaşaýjylar käbir plitalary täze binalarda ulanypdyrlar. 1562-nji ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde mermer kartanyň käbir parçalary tapyldy. Alymlar Kolizeý we Uly sirki görkezýän bölümleri goşmak bilen birlikde, kartanyň diňe 10%-iniň saklanyp galandygyny çaklaýarlar, şeýle hem, kartada hammamlaryň, ybadathanalaryň we hususy jaýlaryň şekilleri saklanyp galypdyr. Gadymy Rimiň ýerleşişine düşünmek üçin gymmatly çeşme bolan bu uly göwrümli karta 1924-nji ýyldan bäri köpçülige görkezilmän gelýärdi.
-Bu gün ajaýyp günleriň biri. Şäheriň adaty bolmadyk böleginde bir asyr töweregi wagt bäri görkezilmän saklanýan eseri hödürleýän täze arheologik muzeýi açýarys – diýip Rimiň häkimi Roberto Gualtieri aýtdy.