ABŞ-nyň NASA edarasynyň alymlary Hytaý Halk Respublikasynyň demirgazyk-gündogaryndaky Ilan welaýatynda täze krateriň üstünden bardylar. Onuň soňky 100 müň ýyllykdaky iň uly kraterleriň biridigi anyklandy. Täze üsti açylan krateriň uzynlygy 1,85 kilometr bolup, onuň 46-53 müň ýyl ozal dörändigi çaklanylýar. Hünärmenler şeýle hem 100 metrden gowrak köl we batgalyk çökündileriniň aşagynda 320 metrlik granit plita bar diýen netijä geldiler.
Mundan başga-da, gaz köpürjiklerini emele getirýän kiçijik aýna bölekleri tapyldy, bu hem urgunyň güýjüni görkezýär. Krateriň görnüşi, Ýer ýüzünde seýrek duş gelýän ýarym aýa meňzeýär. Soňky 100 müň ýylda ýüze çykan iň uly krater Arizonadaky krater hasaplanýardy. Onuň diametri 1,2 kilometr bolup, 49-50 müň ýyl ozalky döwre degişlidir.
Merdan SEÝITLIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.