Gazagystanda arheologlar Bürünç eýýamyna degişli şäheriň galyndylaryny tapdylar. Irtyş derýasynyň kenaryndaky depäniň üstünde gurlan şäher jülgäniň şahalaryny ýokardan synlamaga mümkinçilik beripdir. Şol sebäpli taryhçylar bu ilatly ýeri «Ýedi jülge şäheri» diýip atlandyrdylar. Täze geçirilen barlaga görä, şäher mundan 3600 ýyl ozal şol döwrüň uly ilatly ýeri bolupdyr. Semiýarka atly gadymy şäher 140 gektar meýdany eýeläp, şol döwrüň obalaryndan 4 esse uly bolupdyr. Mundan ozal bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde irki döwürlere degişli dürli iş gurallary tapylypdy.
Geçirilen täze barlag barada «Antiquity» žurnalynda makala neşir edildi.
Aýjahan Otuzowa,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









