31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine geldi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny aýratyn belledi. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Hanbeg atly bedewe atlanyp, sirkiň manežinde öwrüm etdi. Bu görnüşler türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň berkarar bolmagy we dünýäde giňden ykrar edilmegi ugrunda tagalla edýän alym Arkadagymyzyň behişdi bedewlere goýýan hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde meşhurlyk gazanyp, türkmen tugunyň belende galmagyna, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakoda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde ajaýyp ýeňşiň şanyna tutumly toýlaryň dabaralandyryljakdygyny belläp, toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri, ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi.
Dünýäde uly abraýa mynasyp bolan toparyň agzalary ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, ýurdumyzda atçylyk sportunyň we sirk sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.