Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherine geldi. Gabala Azerbaýjanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolup, taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleridir gözel ýerleri bilen köpleri özüne çekýär. 1991-nji ýyla çenli Kutkaşen adyny göteren bu şäher GDA-nyň medeni we ýaşlar paýtagty hökmünde ykrar edilendir.
Gabala şäheriniň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň başlyklygynda geçiriljek sammite gurama agza we synçy ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary gatnaşarlar. «Sebitleýin parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugynda guraljak ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine türki dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, umumy taryha, medeni-ruhy däplere daýanyp, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek bilen bagly meseleler girizildi. Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu dereje biziň ýurdumyza hem berildi.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti