Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, Bi­ta­rap­lyk – bu dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ün­de­ýän, halk­la­ry bag­ty­ýar­ly­ga ça­gyr­ýan hem-de yn­san­per­wer­li­gi wa­gyz ed­ýän ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi dün­ýä ýaý­ýan tag­ly­mat­dyr.
Ta­mam­la­nyp bar­ýan «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly tüýs ady­na my­na­syp ýyl hök­mün­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar.
Dün­ýä döw­let­le­ri­niň en­çe­me­si bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­na ag­za bol­mak bi­len döw­le­ti­miz özü­niň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­lan il­kin­ji ýurt­dur. Şeý­le hem ikin­ji ge­zek BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de 193 döw­le­tiň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy bi­len 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» ha­kyn­da Ka­rar­na­ma tä­ze­den tas­syk­lan­dy.
2017-nji ýy­lyň 2-nji few­ra­lyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­sin­de 12-nji de­kab­ry «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu wa­ka ýur­du­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­nyň hem-de se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge uly go­şan­dy­nyň yk­rar edil­me­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da res­mi taý­dan ber­ki­dil­di, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat pa­ra­hat­sö­ýü­ji­li­giň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Paý­tag­ty­myz­da ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zy ala­mat­lan­dyr­ýan Bi­ta­rap­lyk se­ýil­gä­hi, Bi­ta­rap­lyk bi­na­sy ýa­ly des­ga­la­ryň bol­ma­gy hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da Bi­ta­rap­ly­gyň ar­zy­ly or­na eýe­di­gi­ni su­but ed­ýär. «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2021-nji ýyl­da türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk to­ýy hem giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň dö­re­den müm­kin­çi­lik­le­ri, eçi­len mi­we­le­ri ha­kyn­da söh­bet et­mek kal­by­ňy joş­dur­ýar. Hormatly Prezidentimiziň yg­lan eden Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­za, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­za ba­ha­syz gym­mat­lyk hök­mün­de ga­ral­ýar.

BMG ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len dün­ýä­niň ýe­ke-täk Bi­ta­rap ýur­dy bo­lan eziz Di­ýa­ry­my­zyň gö­zel paý­tag­ty Aş­ga­bat hä­zir­ki wagt­da se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi dür­li ýol­lar ar­ka­ly pug­ta­lan­dyr­ma­ga we ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň, du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­ýän dost­luk me­ka­ny­na öw­rül­di. Bi­ta­rap­lyk türk­men döw­le­ti­niň ber­ka­rar­lyk sü­tün­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti hem örän ulu­dyr.
Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy bü­tin­dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan BMG-niň ag­za­sy bo­lan döw­let­le­riň hem­me­si­niň bi­ra­gyz­dan ses ber­me­gi bi­len 185 döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da yk­rar edi­len­dir. Şeý­le hem «he­mi­şe­lik» de­re­je­si­ne eýe­dir. Şol bir wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da oňyn, konst­ruk­tiw hem-de pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak hä­si­ýe­ti bi­len hem ta­pa­wut­lan­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­nyň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de se­bit hem-de dün­ýä äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­mak we gol­da­mak, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy, dost­lu­gy we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek hem-de ös­dür­mek ba­bat­da ne­ti­je­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Se­bi­tiň we dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk­la­ry­nyň, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär.
Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi hem dün­ýä­niň sy­ýa­sy gi­ňiş­li­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny, dur­nuk­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek ug­run­da köp iş­le­ri alyp bar­ýar. Dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy­nyň şeý­le mö­hüm mer­ke­zi­niň bi­ziň ata Wa­ta­ny­my­zyň paý­tag­ty Aş­ga­bat­da ýer­leş­me­gi­niň özi hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na hem-de hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gyz­gyn gol­daw ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Eziz hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, pa­ra­hat dur­muş­da päk zäh­met çek­me­gi ug­run­da ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny sag bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li be­ýik iş­le­ri mun­dan beý­läk hem ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ser­dar ATA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.