Ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenilýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybarat bolup, 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.
Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň täze kitabynda «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitaby şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän 22 bölümden ybarat. Kitap «Il saglygy – ýurt baýlygy», «Saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylygy we dolandyrylyşy» atly bölümler bilen açylýar. Onda täze döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň lukmançylyk desgalaryna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. «Keselleriň öňüni almak – sagdyn durmuşyň esasy», «Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek», «Döwrebap bejeriş-öňüni alyş usullary», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak» atly bölümlerde öňüni alyş çäreleriniň oňyn netijeleri barada giňişleýin maglumat berilýär. «Saglygy goraýyş ulgamynyň kämil maddy-tehniki binýady», «Saglygy goraýşyň maliýe üpjünçiligi» atly bölümlerde ulgamy özgertmekde durmuşa geçirilen işler beýan edilýär. «Sagdyn ene – sagdyn nesil» atly bölümde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda alnyp barlan işler, «Hassahana bejergisi» atly bölümde döwrebap enjamlaryň adamyň saglygyny goramakdaky ähmiýeti barada söhbet edilýär.
Täze kitapda milli saglygy goraýyş ulgamynyň kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa, endokrinologiýa gulluklarynyň ösüşine aýratyn bölümler bagyşlanypdyr. «Derman senagatynda ösüşler», «Ilatyň derman serişdeleri bilen üpjünçiligi» atly bölümlerde degişli ugurda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. «Melhemli şypahanalar» atly bölümde ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň hem-de ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişine-de ýörite bölümler bagyşlanypdyr. «Saglygy goraýyşda sanly ulgam» atly bölümde bolsa sanly lukmançylygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilýär. Täze eser «Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir» atly bölüm bilen jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň eseri türkmen, iňlis we rus dillerinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bu gymmatly eserleriň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.