To­ýa sow­gat­ly bar­mak türk­men hal­ky­nyň asyl­ly däp­le­ri­niň bi­ri. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bag­ty­ýar, ag­zy­bir hal­ky­my­za «Türk­me­nis­ta­nyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka kuw­wa­ty» at­ly türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de be­ýan edi­len tä­ze ki­ta­by­ny peş­geş ber­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ru­hy ha­zy­na­sy­ny baý­laş­dy­ran bu ki­ta­ba Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, alym Ar­ka­da­gy­my­zyň 3-nji sent­ýabr­da Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry hem-de mu­gal­lym­la­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da­ky ta­ry­hy çy­ky­şy gi­ri­zi­lip­dir.
Tä­ze ki­tap he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­ni anyk gör­ke­zi­ji­ler ar­ka­ly be­ýan ed­ýär. Bu aja­ýyp ki­tap­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ry­nyň öz­ge­ri­şi­niň, yn­sa­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da­ky ýe­ňil­lik­le­ri­niň esa­sy­ny düz­ýän elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ke­ma­la gel­şi, ösüş ta­ry­hy, iri tas­la­ma­la­ry, mil­li mak­sat­na­ma­la­ry amal et­mek­dä­ki kuw­wat­ly or­ny ha­kyn­da tä­sir­li söh­bet edil­ýär.
Ki­tap­da Türk­me­nis­ta­nyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­na, bu ul­gam­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de iri tas­la­ma­la­ryň, ola­ryň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýe­tir­ýän oňyn tä­si­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne sel­jer­me sy­ny be­ril­ýär. Ne­şir­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­di.
Ki­tap­da köp san­ly anyk we sta­tis­ti­ki mag­lu­mat­lar ge­ti­ri­lip, ýur­du­my­zyň umu­my elekt­ro­e­ner­ge­ti­ka dü­zü­min­de we­la­ýat­la­ryň ösü­şi­niň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­ýär we pu­da­gyň ok­gun­ly ösü­şi­ne hem-de dü­züm­le­ýin öz­gert­me­le­ri­ne hä­si­ýet­na­ma be­ril­ýär. Türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­ne be­ril­ýän anyk yl­my sel­jer­me hem-de mag­lu­mat-tes­wir­na­ma­lar mil­li elekt­roe­ner­ge­ti­ka­nyň bar­ha art­ýan kuw­wa­ty­ny, onuň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň, iş­gär­ler bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň mak­sat­la­ry­ny aý­dyň gör­kez­ýär.
Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry çap­ha­na usu­lyn­da ne­şir edi­len tä­ze ki­tap­da ýur­du­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň dü­züm­le­ýin öz­gert­me­le­ri­ne hä­si­ýet­na­ma ber­lip, elekt­ros­tan­si­ýa­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ola­ryň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy dog­ru­syn­da giň dü­şün­je ber­ýän fo­to­su­rat­la­ryň ýer­leş­di­ril­me­gi bu ugur­da­ky ösü­şi­mi­zi tö­we­rek­le­ýin şöh­le­len­di­rip, onuň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­sy­nyň mi­we­si bo­lan aja­ýyp ki­tap­la­ry türk­men hal­ky­nyň ki­tap goru­nyň has-da baý­laş­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Şeý­le hem bu aja­ýyp eser­ler türk­men hal­ky­nyň mil­li ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny we ýö­rel­ge­le­ri­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek­de we ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, bu gym­mat­ly ki­tap­la­ryň di­ňe bir türk­men di­lin­de däl, eý­sem, rus, iň­lis, dün­ýä­niň dür­li dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ok­gun­ly ösü­şi­ni aý­dyň gör­mek bol­ýar. Ýur­du­my­zy iri göw­rüm­li öz­gert­me­ler gur­şap alyp, ol bar­ha art­ýan dep­gin­ler bi­len ös­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty art­ýar, de­mok­ra­tik esas­la­ry pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, jem­gy­ýet­de pa­ra­hat­çy­lyk, ag­zy­bir­lik we dur­nuk­ly­lyk hö­küm sür­ýär, hal­kyň ru­hy dün­ýä­si baý­laş­ýar, kä­mil­leş­ýär. Türk­me­nis­tan sö­züň do­ly ma­ny­syn­da bi­li­miň, yl­myň we me­de­ni­ýe­tiň oja­gy­na, sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň ila­ty ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly öz­gert­me­le­re gu­wan­ýar, döw­le­tiň ala­da­sy­ny we gol­da­wy­ny her ädim­de duý­ýar­.
Eziz Di­ýa­ry­my­zyň ýe­ten be­lent de­re­je­le­ri­niň, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gin­den hem-de je­bis­li­gin­den göz­baş al­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gym­mat­ly pi­kir­le­ri hem­me­ler üçin uly gol­lan­ma bo­lup dur­ýar.
Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­la­my he­mi­şe ýi­ti bol­sun! Ata Wa­ta­ny­my­zyň döw­let­li baş­lan­gyç­la­ry­ny, mil­li ösüş­le­ri­ni be­ýan ed­ýän aja­ýyp ki­tap­la­ry­nyň höw­ri köp bol­sun!

Oraz­mu­ham­met BA­BA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.