UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi. Türkiýäniň “Galatasaraý” topary öz meýdançasynda Italiýanyň “Ýuwentus” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda janköýerler 7 goluň şaýady boldular. Oýnuň 15-nji minutynda Gabriel Sara ýer eýelerini öňe çykardy. Ýöne bary-ýogy 1 minutdan soň Teun Koopmeýners hasaby deňläp, ol 32-nji minutda ýene bir gezek tapawutlandy. Duşuşygyň 1-nji ýarymy “Ýuwentusyň” 2-1 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy. 2-nji ýaryma türk kluby erjellik bilen başlap, 49-njy minutda Noa Lang hasaby deňledi. 60-njy minutda Dawinson Sançesiň goly bilen “Galatasaraý” duşuşykda 2-nji gezek öňe saýlandy. 75-nji minutda Noa Long ýene bir goly turinlileriň derwezesinden girizdi. Duşuşygyň 86-njy minutynda Saşa Boeý owadan gol bilen oýna soňky nokady goýdy.

5-2 hasabynda üstün çykan “Galatasaraý” 1/8 finala çykmak üçin uly mümkinçilik gazandy. “Galatasaraý” topary 1963-nji ýyldan bäri öz meýdançasynda italýan klublaryndan ýeňilmän gelýär. Şondan bäri geçiren 13 duşuşygynda “Ýuwentusy” 3, “Milany” 2, “Lasiony” 2 gezek ýeňmegi başardy. “Ýuwentus” topary bolsa 68 ýyldan soň Ýewropanyň ýaryşlarynda bir oýunda derwezesinden 5 gol geçirtdi. “Ýuwentus” taryhynda UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 2-nji duşuşygynda Awstriýanyň “Wiener” toparyndan myhmançylykda 7-0 hasabynda asgyn gelipdi. Jogap duşuşygy 25-nji martda Turinde oýnalar.