1612-nji ýylyň 28-nji dekabrynda italýan astronomy Galileo Galileý Ýupiter bilen bilelikde Neptun planetasyny görýär. Emma bellik depderine bu asman jisimini ýyldyz diýip belleýär. Şeýlelikde ol Gün ulgamynyň sekizinji hem-de iň uzakdaky planetasyny gören ilkinji astronom bolýar. Şondan 234 ýyldan soňra, ýagny 1846-njy ýylda nemes astronomy Iogann Gotfrid Neptun planetasyny anyklap, resmi taýdan bellige alýar.