31-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, hususan-da, “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlamak babatda degişli işler geçirildi. Munuň özi edaralardyr şahsy taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge, olaryň gerimini giňeltmäge, bank işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän “Galkynyş” töleg ulgamy bilen bagly teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.