Hytaýly hünärmenler uglerod zyňyndylaryny gaýtadan ulanmak we onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmak maksady bilen täze taslamany taýýarladylar. Ýurduň Oba hojalygy ylymlary akademiýasynyň hünärmenleri kömürturşy gazy we ammiak ýaly galyndy gazlardan iým öndürmegi başardylar. Ylmy işiň çäklerinde ilki bilen galyndy gazlardan sintetiki belok alyndy. Hünärmenler bu belogyň iým hökmünde ulanylyp bilinjekdigini belleýärler. Şeýle hem bu iým ýurduň soýa importyny azaltmaga hem ýardam eder. Hytaý her ýylda 100 million tonna soýa import edýär. Täze usul arkaly her ýylda 10 million tonna klostridium etanolik belok öndürip bolar. Bu bolsa 28 million tonna soýa deňdir. Göz öňünde tutulýan taslama uglerod zyňyndylaryny hem ýylda 250 million tonna azaltmaga ýardam eder.