Hytaýyň Beýhan uniwersitetiniň hünärmenleriniň oýlap tapan uçýan enjamy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ganat kakyp uçýan kiçijik dron bir gezekde 1 sagat 30 minutdan gowrak uçup, rekord goýdy. 21-nji iýulda geçirilen synag ýazga alyndy. Uniwersitetiň wekilleri şol uçuş üçin degişli şahadatnamanyň alnandygyny mälim etdi. Litiý-ion batareýalar bilen işleýän howa enjamynyň agramy 1,6 kilogram, ganatlarynyň giňligi 2 metr bolup, sekuntda 10 metr tizlik bilen hereket edýär.
Uçýan dron ganat kakyp hereket edýän, iň uzak wagt howada galan enjam hökmünde rekord goýupdyr. Mundan ozal geçirilen beýleki synaglarda uçuş wagtynyň ýarym sagat töweregidigi mälim edildi.
Bu dronlar guş, ýarganat ýa-da mör-möjekleriň ganat hereketlerine öýkünilip ýasalýar.
Aýlar NURYÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby