Her ýy­lyň 29-njy iýu­ly Hal­ka­ra gap­laň gü­ni hök­mün­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. 2010-njy ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de gap­laň­la­ry go­ra­ma­ga ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­hat­da gap­laň­la­ryň gü­nü­ni ge­çir­mek bel­le­nil­di. Gü­nüň mak­sa­dy gap­laň­la­ryň te­bi­gy ýa­şa­ýyş ýer­le­ri­ni go­ra­mak üçin glo­bal ul­ga­my öňe sür­mek­den we gap­laň­la­ry go­ra­mak me­se­le­le­ri­ne jem­gy­ýet­çi­li­giň ha­bar­dar­ly­gy­ny we gol­da­wy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat. Hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de bu uly pi­şik­le­ri go­ra­mak üçin dür­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Gap­laň­lar uly pi­şik­ler maş­ga­la­sy­nyň üç ag­za­sy­nyň bi­ri­dir. Te­bi­gat­da gap­la­ňyň esa­san bäş gör­nü­şi bar – Amur, Ben­gal, Hin­di-Hy­taý, Ma­laý­zi­ýa we Su­mat­ra gap­laň­la­ry. Amur gap­la­ňy­nyň (Si­bir gap­la­ňy hem di­ýil­ýär) ulu­ly­gy bur­nun­dan guý­ru­gy­nyň uju­na çen­li 3,3 met­re çen­li bol­ýar. Ola­ryň ag­ra­my 160-230 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bol­ýar. Gap­laň­la­ryň te­bi­gy şert­ler­de 4 mü­ňe go­la­ýy bo­lup, olar Hy­taý, Hin­dis­tan, In­do­ne­zi­ýa we Rus­si­ýa ýa­ly je­mi 13 ýurt­da ýa­şa­ýar. Gap­laň­lar tro­pik to­kaý­lar­da, ot­luk ýer­ler­de we gy­rym­sy agaç­la­ryň ös­ýän bat­ga­lyk­la­ryn­da gabat gelýär. Çe­ýe­li­gi we kuw­wat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu ýyr­ty­jy jan­dar­lar agramy özün­den 5 es­se köp bolan haý­wan­la­ry aw­lap bil­ýärler. Ge­çen asy­ryň ba­şyn­dan bä­ri bu jan­dar­la­ryň sa­ny ep-es­li azal­dy. Şol se­bäp­li ola­ryň sa­ny­ny kö­pelt­mek, ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ni gi­ňelt­mek üçin ta­gal­la edil­ýär. 2022-nji ýy­la çen­li te­bi­gy şert­ler­de ýa­şa­ýan gap­laň­la­ryň sa­ny­ny 6000-e çen­li kö­pelt­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Amur gaplaňy tebigy şertlerde 10-15 ýyl, haýwanat baglarynda 20 ýyl ýaşaýar.

Ök­de aw­çy
Gap­laň­lar kuw­wat­ly bol­mak bi­len bir ha­tar­da akyl­ly aw­çy­lar hem ha­sap­lan­ýar. Ýum­şa­jyk pen­je­le­ri we çe­ýe he­re­ke­ti ses çy­kar­maz­dan olara awu­na go­laý­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Awu­na to­pu­lan wag­ty gys­ga ara­lyk­da 60 km/sa­gat tiz­lik­de yl­gap bil­ýär­ler. Adat­ça ýe­ke ýa­şa­ýan gap­laň­lar, kä­ha­lat­da sü­ri bo­lup hem gez­ýär­ler.