Rumyn obalaryndaky jaýlaryň birinde uzak ýyllap ýönekeý gapy söýesi bolup hyzmat eden adaty daş, seýrek duş gelýän gymmat bahaly hazyna bolup çykdy. Hünärmenler oňa, takmynan, 1 million dollar baha kesdiler diýip, “Science Alert” web saýty ýazýar.
Adaty bolmadyk waka, mundan köp ýyl ozak Rumyniýanyň günorta-gündogaryndaky Kolti obasynyň garry ýaşaýjysy Buzau derýasynyň kenaryndan mispisind uly harsaň daşyny tapandan soň başlandy. Zenan ony öýüne getirenden soň gapynyň batly ýapylmazlygy üçin söýe daş hökmünde ulanyp başlady.
Şeýlelikde, daş adaty gapy söýesi hökmünde hyzmat etmegini dowam etdirdi. 1991-nji ýylda eýesi aradan çykandan soň, jaýy miras alan garyndaşy bu harsaň gapy söýesiniň hakykatdan hem ýönekeý bir daşdygyna şübhelenýär. Netijede, bu daşy hünärmenlere görkezmeli diýen karara geldi.
Görlüp oturylsa, bu daş uly ýantar daşynyň bir bölegi eken. Onuň agramy 3,5 kilogram deň. Rumanit diýlip atlandyrylýan bu ýantar görnüşi, gyzgylt öwüşgini bilen meşhur bolup, oňa dünýäde ýokary baha berilýär. Iň esasy zat, ol dünýäde tapylan iň uly bütewi ýantar böleklerinden biridir. Polşanyň Krakow şäherindäki Taryhy muzeýiň hünärmenleri onuň ýaşynyň 38-70 million ýyl aralygyndadygyny kesgitlediler.