Buz kris­tal­la­ryn­dan eme­le gel­ýän yga­lyň gör­nü­şi­ne gar di­ýil­ýär. Ho­wa­nyň de­re­je­si 0-dan aşak­da bo­lan ýag­da­ýyn­da bu­lut­lar­da gar eme­le gel­ýär. Ga­ryň eme­le gel­me­gi üçin çyg­ly ho­wa ge­rek. Il­ki bi­len bu­gar­ýan suw gö­nü­mel bu­za öw­rü­lip, buz kris­ta­ly­ny eme­le ge­tir­ýär. Bu kris­tal ho­wa­da­ky goş­ma­ça su­wy hem özü­ne çe­kip, ga­ra öw­rül­ýär.
Gar bir­nä­çe gör­nüş­de ýa­gyp bil­ýär. Ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä gar toz­ga­sy­nyň ulu­ly­gy we gör­nü­şi üýt­ge­ýär. Ýer­dä­ki şert­ler oňaý­ly bo­lan­da ho­wa­nyň de­re­je­si 0-dan ýo­kar­da bol­sa hem gar ere­män ze­mi­ne dü­şüp bil­ýär. Şeý­le ýag­daý­da as­man­dan gel­ýän gar ho­wa­nyň has ýy­ly gat­la­gyn­dan ge­çe­nin­de ere­mä­ge baş­la­ýar. Bu ere­me ýag­da­ýy gar toz­ga­sy­nyň da­şyn­da wagt­la­ýyn so­wuk­lyk eme­le ge­tir­ýär. Bu so­wuk­lyk bol­sa, ga­ryň ere­mez­den ýag­ma­gy üçin şert dö­red­ýär. Ho­wa­nyň de­re­je­si nä­çe pes bol­sa hem az muk­dar­da­ky çyg­ly­lyk ga­ryň ýag­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­ýär. Esa­san, ho­wa­nyň de­re­je­si or­ta­ça -9 bo­lan ýag­daý­la­ryn­da gar agyr ýag­ýar.
Gar çyg­ly­lyk ta­lap ed­ýä­ni üçin gu­ry so­wuk­lar­da adat­ça gar ýag­ma­ýar. Mu­ňa my­sal hök­mün­de An­tark­ti­da­nyň gu­ry jül­ge­le­ri­ni gör­kez­mek bo­lar. Bu jül­ge­ler­de ho­wa so­wuk hem bol­sa, çyg­ly­lyk de­re­je­si­niň pes bol­ma­gy, şeý­le hem şe­ma­lyň güýç­li öwüs­me­gi ga­ryň ýag­ma­gy­na bö­wet bol­ýar.
Gar toz­ga­la­ry­nyň dia­met­ri adat­ça 1,3 san­ti­metr­den ki­çi bol­ýar. Ýö­ne dur­nuk­syz ho­wa şert­le­rin­de gar toz­ga­sy­nyň dia­met­ri 5 san­ti­met­re çen­li ula­lyp bil­ýär.