UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklarynyň çäginde 3 oýun geçirildi. Şolaryň 3-sinde hem myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Başgaça aýdylanda, 3 oýunda-da garaşylmadyk netije hasaba alyndy.
Wengriýada ýurduň çempiony “Ferenswaroş” topary Azerbaýjanyň “Garabag” toparyndan 3-1 hasabynda asgyn geldi. 1-nji ýarymda Warganyň (29) goly bilen öňe geçen wengerleriň derwezesinden azerbaýjanlylar 2-nji ýarymda 3 gol geçirdiler. Şol gollary Ýankowiç (50), Medina (67) hem-de Gurbanli (85) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Edil şu netije Şotlandiýada hem hasaba alnyp, “Reýnjers” öz meýdançasynda “Klub Brýuggeden” ýeňildi. Oýnuň ilkinji 20 minutynda Wermantyň (3), Spileersiň (7) hem-de Meheleniň (20) gollary bilen öňe 3-0 hasabynda öňe saýlanan “Klub Brýugge” final tapgyryna çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy. Şotlandlar 2-nji ýarymda geçirden 3 golunyň biriniň öwezini Danilonyň (50) takyk urgusy bilen dolsa-da, bu olara ýeterlik bolmady.
Kipriň “Pafos” topary geň galdyrmagyny dowam edýär. Mundan öňki tapgyrda “Dinamo Kiýewi” ýaryşdan çykan pafoslylar myhmançylykda “Srwena Zwezda” toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy. Eýýäm 1-nji minutda Korreiranyň goly bilen öňe geçen “Pafos” toparynyň 2-nji goluny 52-nji minutda penaltiden Pepe derwezä girizdi. Serb toparynyň ýeke-täk goluny 58-nji minutda Duarte öz adyna ýazdyrdy.