3-nji fewralda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garagum derýasynyň durkuny täzelemek we kenaryny berkitmek işlerine girişmek üçin taýýarlyk görüp başlamagyň, bu ugurda edilmeli işleriň taslamasyny taýýarlamagyň, ony amala aşyrjak potratçyny gözlemegiň zerurdygyny belledi. Şonuň ýaly-da, suw hojalygynyň ýagdaýyny seljerip, derýalary we akabalary hem gözden geçirip, zerur bolsa, olarda arassalaýyş, düýbüni çuňaltmak işlerini geçirmek wajypdyr diýip, aýtdy.