Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi.
Bu barada 7-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.