Halkymyzyň taryhyny şöhratlandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmaklygy teklip eden milli Liderimiziň asylly däbe öwrülen bu ýörelgesiniň ýylyň şygary hökmünde saýlanylmagy halkymyzyň nurana geljegi üçin täze mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzyň baý taryhy, ata-babalarymyzyň watansöýüjilige, parahatçylyga we dostluk-doganlyga ýugrulan asylly däp-dessurlary garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä ýüzüne ýaýrady. Ine, şu ýyl hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýy toýlanýar. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler, sport ýaryşlary geçirilýär.
Garaşsyzlyk güni – biziň baş baýramymyz bolup, özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, Garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewilik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir adamda watançylyk duýgusyny oýarýan mukaddes düşünjedir. Bu düşünje özünde ägirt uly many-mazmuny jemläp, Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine nazar aýlamaga ýardam edýär. Şol nukdaýnazardan, Garaşsyzlyk baýramy parahatçylygyň we abadançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň baýramydyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy we ykdysady galkynyşlary, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrdy, döwletimiziň kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny has-da pugtalandyrdy» diýip, uly buýsanç bilen aýdan sözleri bu günki gün durmuş hakykatyna öwrülýär. Mähriban Diýarymyzyň özbaşdaklygy, özygtyýarlylygy barada pikir ýöredeniňde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň pugtalanmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek guwandyryjydyr. Milli Liderimiz döwlet Garaşsyzlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen, «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes hem-de çuň mazmunly düşünjäniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir» diýen parasatly sözler bilen beýan edýär. Bu ganatly jümleler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine berlen mynasyp bahadyr. Eziz ýurdumyzda erkana ýaşamaga, zähmet çekmäge, halal zähmetiň hözirini görmäge, gurmaga, döretmäge giň mümkinçilikler berýän ajaýyp durmuş möwç urýar.
Abdyrahym Hojaýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.