«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini şatlyk-şagalaňa we uly dabaralara besleýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uly buýsanja we joşguna beslenip toýlanýan 2021-nji ýylda ýurdumyz uly ösüşlere eýe boldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr.
2018-nji ýyldan bäri 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Bu güne bagyşlanyp dünýäniň belli şäherlerinde welosiped ýörişleri guralýar. Bütindünýä welosiped gününiň hem ýurdumyzyň teklibi bilen kabul edilendigini bellemek gerek.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş eden türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistan 1995-nji ýylda Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwründen bäri BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähli kadalaryny üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Sebitdäki ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär, Milletler Bileleşiginiň taglymlaryny we ýörelgelerini Merkezi Aziýada ornaşdyrmagyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.
2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda barha ösýän netijeli hyzmatdaşlykda täze eýýamy açdy. Bu Merkeziň alyp barýan işleri netijesinde, sebit giňişliginde hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna oňyn mümkinçilikler emele geldi.
BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, bu ugurda biziň ýurdumyzyň tejribesini has giňden ýaýratmak üçin peýdaly diýip ykrar edilmeginiň ýene bir tassyknamasydyr.
Mundan başga-da, häzirki zamanyň has ähmiýetli meseleleri boýunça Türkmenistan dürli görnüşlerdäki gepleşikleriň umumy ykrar edilen meýdançasyna öwrüldi.
Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň başyny başlan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna pugta eýermek bilen, sebit hem-de ählumumy ösüşiň wajyp meselelerini çözmekde has işjeň orny eýeleýär. Awgust aýynda bolup geçen duşuşyklar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler, forumlar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Awgust aýynyň başynda BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy umumy mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup, dünýäniň 48 döwleti çykyş etdi. Tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek işine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen bu Kararnama ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda BMG tarapyndan ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary üpjün etmek babatda kabul edilen resminamalaryň üstüni ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, mundan beýläk-de Milletler Bileleşigi bilen netijeli we giň gerimli gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzüminde
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent halkara abraýy Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG – Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy. Mundan başga-da, 21-nji aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň başlygynyň orunbasarydygyny, bu hormatly wezipä altynjy gezek saýlanandygyny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji hem-de 71-nji mejlisleriniň işine hem wise-başlyk hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň we ykdysady edaralarynyň düzümine eýýäm birnäçe gezek saýlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan BMG-niň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalar, meýilnamalar hem-de milli we umumy bähbitlere kybap gelýän ugurdaş taslamalar şol köpugurly hyzmatdaşlygyň netijesidir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda Türkmenistanyň
ileri tutýan garaýyşlary
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasy 14-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda resmi taýdan öz işine başlady we 21-27-nji sentýabr aralygynda ýokary derejeli hepdelik bilen jemlener. Iri halkara guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän ýurdumyz mundan ozal hem birnäçe teklipleri hödürläp, olar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapdy. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda hem täze tekliplerini hödürledi.
Ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, pnewmoniýa bilen göreşde BSGG-niň köptaraplaýyn mehanizmini ýola goýmak, koronawirus ýokançlygynyň genlerini öwrenmek üçin, BSGG-niň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek, BSGG-niň bejeriş usulyýet merkezini döretmek we ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak, şeýle hem Merkezi Aziýadaky epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek şol teklipleriň käbiridir.
Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, terrorçylyga garşy göreş, energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi, pes uglerodly energetikany ösdürmegiň strategiýasy, Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmek we beýleki ugurlarda birnäçe başlangyçlaryny beýan etdi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar BMG-niň BA-synyň 75-nji sessiýasynyň
resminamasy hökmünde beýan edildi
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu ýokary derejeli duşuşyk bilen bir wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynyň birinji forumy, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň halklarynyň tagamlarynyň sergisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.
Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Zenanlaryň dialogynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy kabul edildi.
Şunlukda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň ähli resmi dillerinde çap edildi hem-de agza ýurtlaryň arasynda ýaýradyldy. Bu bolsa sebitleýin ösüşiň ilerledilmeginde Merkezi Aziýa platformasynyň derwaýyslygynyň aýdyň subutnamasydyr.
BMG-niň Baş Assambleýasy BMG bilen YHG-niň Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça hyzmatdaşlygy barada karar kabul etdi
Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň 102-nji umumy ýygnagynda «BMG bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada» karar biragyzdan kabul edildi. Şu gurama girýän döwletleriň baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň YHG-niň başlyklygynyň çäklerinde Aşgabatda geçiriljekdigi habar berilýär.
Ýurdumyz iri halkara guramalarynyň, şol sanda YHG-niň gatnaşmagynda peýdaly netije berýän uzak möhletli gatnaşyklar üçin berk binýat döredýän möhüm başlangyçlary we taslamalary yzygiderli öňe sürýär.
Ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýär.