Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len, ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gi tä­ze öwüş­gin­le­re, jem­gy­ýe­ti­miz tä­ze ru­hy ah­wa­la bes­len­ýär. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň baý­ra­my­ny tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­le­mek, tä­ze ýe­ňiş­li sep­git­le­re ýet­mek mak­sa­dyn­dan ruh­lan­ýan hal­ky­myz öz­baş­dak ösü­şiň dö­re­di­ji­lik­li ýo­lu­ny gu­laç­la­ýar. Ga­raş­syz­lyk döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, ga­dy­my top­ra­gy­my­zyň tä­ze gül­läp-ösüş­le­ri­niň mi­ze­mez bin­ýa­dy­dyr. Özü­ni Ga­raş­syz döw­let di­ýip jar eden gü­nün­den baş­lap, Türk­me­nis­tan öz­baş­dak döw­let hök­mün­de dün­ýä ösü­şi­ne saz­la­şyk­ly go­şul­dy. BMG-niň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di. Ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça asyr­la­ra ba­ra­bar bo­lan bu dö­wür­de ýur­du­myz öz baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak bi­len, ok­gun­ly ös­ýän ýurt hök­mün­de ta­nat­dy. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ge­çen ýyl­la­ry Türk­me­nis­tan üçin döw­let gur­lu­şy­ny üýt­ge­dip gur­mak­da, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şin­de öz mil­li nus­ga­sy­ny dö­ret­me­giň mö­hüm tap­gy­ry bo­lup, de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­le­tiň berk bin­ýa­dy tu­tul­dy. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bol­ma­gy bi­len, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä bi­le­le­şi­gin­dä­ki or­ny has-da pug­ta­lan­dy.
Eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 32 ýyl­ly­gy döw­rü­niň her bir ýy­ly hal­ky­myz üçin tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ge­çen döw­re na­zar aý­la­ny­myz­da, şu gün­ki üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak üçin, mak­sat­na­ma­la­ýyn we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ne, ola­ryň esa­syn­da bol­sa, ne­ti­je­li döw­let do­la­ny­şy­gy­nyň, jem­gy­ýe­tiň ag­zy­bir­li­gi­niň du­ran­dy­gy­na göz ýe­tir­ýä­ris. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň we edil­ýän hyz­mat­la­ryň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki hi­li­ni ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän esa­sy şert­ler dö­re­dil­di. Se­na­gat pu­da­gy­nyň, şol san­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, de­ňiz, ho­wa, de­mir ýol we aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän hal­ka­ra hä­zir­ki za­man ulag ugur­la­ry­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, giň möç­ber­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di we ge­çi­ril­ýär.
Bu gün ga­raş­syz ösü­şi­miz döw­rün­de ga­za­ny­lan­la­ra na­zar aý­lap, dur­mu­şy­my­zyň äh­li ta­ra­py­na tä­sir eden bu ýag­da­ýyň ne­sil­le­ri­mi­ziň gel­je­gi üçin-de deň­siz-taý­syz, ba­ha­syz gym­mat­lyk­dy­gy­na çuň­ňur göz ýe­tir­ýä­ris. Çün­ki äh­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler ösüş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lup, jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň ösü­şin­de yzy­gi­der­li­li­gi göz öňün­de tut­ýar. Bu bol­sa, türk­men hal­ky­nyň mil­li­li­gi­ni we ta­ry­hy ösü­şi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny do­lu­ly­gy­na, ha­sa­ba al­mak bi­len, mil­li gym­mat­lyk­la­ra eýe çy­kyp, tä­ze gym­mat­lyk­la­ry dö­ret­mä­ge ukyp­ly ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp-ýe­tiş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa, tä­ze ösüş­le­re her bi­ri­mi­ziň gat­naş­ýan­dy­gy­myz, olar­da her bi­ri­mi­ziň şah­sy bäh­bit­le­ri­mi­ziň bar­dy­gy­ny bil­mek oňa bar ukyp-ba­şar­ny­gy­myz bi­len go­şu­lyş­ma­ga iter­gi ber­ýär.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ge­çen döw­ri Türk­me­nis­tan üçin döw­let gur­lu­şy­ny üýt­ge­dip gur­mak­da, özü­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we ýa­şa­ýyş-dur­muş ösü­şin­de öz nus­ga­sy­ny dö­ret­mek­de mö­hüm tap­gyr bol­dy. Bu dö­wür hal­ky­myz üçin öz dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin yk­bal kes­git­leý­ji pur­sat bol­dy. Ga­za­ny­lan ägirt uly üs­tün­lik­le­riň, be­ýik sep­git­le­riň äh­li­si Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hyn­da al­tyn se­tir­ler bi­len yz go­ýup, ne­sil­le­ri­mi­ziň buý­san­jy­na, baý­ly­gy­na öw­rü­ler. Bu gün türk­men hal­ky Ga­raş­syz­ly­gyň mi­we­le­ri­niň hö­zi­ri­ni gör­ýär, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ýar, aja­ýyp gel­je­gi­ni gur­ýar. Hal­ky­myz ru­hu­be­lent zäh­me­ti, wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze ba­dal­ga be­ren mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­na­şyp, ösü­şiň, bol­çu­ly­gyň, pä­him-paý­ha­syň we açyk ýü­rek­li­li­giň nu­ra­na ýo­lu­ny gur­ýar.

Gü­la­ýym NAR­LY­ÝE­WA,
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len 45-nji or­ta mek­de­bi­niň iň­lis di­li mu­gal­ly­my.