Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak arzuwlar, belent maksatlar bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny uly ruhubelentlik bilen belläris. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolandan soň mähriban Diýarymyzda dabaraly toý tutulyp, baýram edilip bellenilýän şanly seneler watandaşlarymyzyň her biriniň buýsanjyna, milli mertebesine, guwanjyna, şatlygyna, göbek ganynyň daman topragyna bolan çäksiz söýgüsine öwrüldi. Her ýylda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýramy bolsa şol şanly seneleriň, toý-baýramlaryň iň bir naýbaşysy, ýüregimize ýakyny diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Bu gün biz göz guwanjymyz, ýürek ýagymyz, bagtdan püre-pür şu günümiz, has rowaç boljak ertirimiz bilen berk baglanyşdyrýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna barýarys. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly toý-dabaralary ýakynlaşdygyça ata Watanymyza buýsanjymyz has artýar. Çünki Garaşsyzlyk biziň döwletimiz üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, ygtybarly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin, geljegi uly ugurlaryny giňeltmekde giň mümkinçilikleri açdy. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň halkara, sebit we döwletara düzümleriniň işjeň agzasy bolmak bilen, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary durmuşa geçirýär hem-de parahatçylyk medeniýetiniň we ynanyşmak derejesiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG bilen Türkmenistanyň özara jebislikde dünýäniň asudalygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tagallalary parahatçylygyň tarapdary bolan kalby nurana her bir ynsanyň belent goldawyna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly şygarlarynyň parahatçylyk we dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň kepilidigini subut edýär. Ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döredip, parahat ýaşaýşy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinip, goňşy we alysdaky halklar bilen ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. Şol başlangyçlardan gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgeler ynanç-ygtykatlar halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň esasyny düzýär. Ol ilkibaşda Oguz hanyň döwletlilik ýol-ýörelgelerinde ýüze çykyp, soňra asyrlaryň synagyndan geçip, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynda giňden açylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, şol täsirli gymmatlyklary täzeden adamzadyň ýaşaýyş ýörelgelerine öwürmek, biziň döwrümizde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda şu esasda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!», «Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» diýen ýörelgeler hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny düzýär. Türkmen Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 21-nji martynda geçen 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde üçünji gezek kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynda goldanylandygy we oňa ýokary baha berlendigi örän buýsançlydyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy pähimdar pederlerimiziň gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Ata Watanymyzyň Bitaraplyga eýe bolmagy onuň berkararlyk binýadyny has-da berkitdi. Türkmen Bitaraplygynyň gadymy kökleri gepleşiklere, ylalaşyklara, özara ynanyşmaklyga daýanýar. Hut şu ýörelgelerden ugur alýan Bitaraplyk syýasatymyzyň esasy maksadynyň halklary jebisleşdirmekden, oňşukly, birek-birege goldaw-hemaýatly ýaşamagy wagyz etmekden ybaratdygy bellenmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Ýaşasyn parahat durmuş» atly goşgusynda «Halklar – bir jebis maşgala, Ýaşasyn parahat durmuş!» diýip, tutuş adamzady parahat, bir bitewi maşgala ýaly jebis bolmaga çagyrýar. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, birek-biregi goldamak hemişe gülläp ösüşe alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Biz Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden, oňyn Bitaraplyk syýasatyndan gözbaş alýar. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek asylly maksatlarymyz bolup durýar.
Halkymyzyň goşa ganaty – mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz başymyzyň täjidir. Bu goşa bagtyň saýasynda döwletli Diýarymyza diňe belent ösüşler ýar bolsun. Asuda Watanymyzyň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Gurbanmagtym GULGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.