Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir obada kiçijik oglanjyk ýaşaýan eken. Oglan ýedi ýaşyna baranda kakasy oňa şeýle diýen:
– Oglum, indi sen hat-sowat öwrenmeli ýaşa ýetdiň. Şonuň üçin seni şähere äkitjek.
Şeýlelikde oglanjyk kakasy bilen şähere gidipdir. Kakasy ony bir mugallyma tabşyrypdyr-da, obasyna dolanypdyr. Oglanjyk hat-sowat öwrenmek isläpdir. Emma näçe çytraşsa-da, bu islegi başa barmandyr. Ol ne okamagy başarypdyr, ne-de ýazmagy. Ahyrsoňy lapykeç bolan oglanjyk: «Men bu harplardan baş alyp çykyp biljek däl öýdýän. Muňa asla düşüner ýaly däl ahyryn, adamlar bu şekilleri nädip ýatda saklap, okap bilýärlerkä?!» diýip, öz ýanyndan zeýrenip ugrapdyr. Şeýdip günler geçipdir. Günleriň bir güni ýaňky oglanjyk «Bu zatlary öwrenmek maňa berilmändir. Başarmajak zadyma janymy ýakanymdan, iň gowusy oba gidip mal bakaýyn» diýen netijä gelipdir. Şunlukda jany ýanan oglanjyk şäherden garasyny saýlap, obasyna tarap ýola düşüpdir. Günortanyň jokrama yssysy oglanjygy halys tapdan düşüripdir. Ol şol barşyna bir çeşmäniň üstünden baryp, ondan teşneligini gandyrypdyr-da, golaýdaky agajyň kölegesinde dynç almak üçin gyşarypdyr. Ýadaw oglanjyk ýaňy irkilen wagty tüwi dänesini göterip gelýän bir garynja oglanjygyň eline dyrmaşypdyr. Muňa gyjynan oglanjyk gözüni açyp, elindäki garynjany üfläp goýberipdir. Köp wagt geçmänkä ýaňky däneli garynja ýene-de onuň eline dyrmaşmaga başlapdyr. Bu gezek birneme gaharlanan oglanjyk, demini dürsäpdir-de özüni bimaza eden garynjany has batlyrak üfläpdir. Ýöne muňa garamazdan, garynja üçünji gezek hem onuň eline dyrmaşyp ugrapdyr. Oglanjyk sowukganlylygy saklap, bu gezek hiç zat etmän, garynjany synlamaga durupdyr. Garynja onuň eliniň üsti bilen, başga bir daşa dyrmaşmaga durupdyr. Ol daşyň üstüne çykan badyna garşy tarapdan öwsen şemal garynjanyň dänesini ýere gaçyrypdyr. Aşak düşen garynja dänesini alypdyr-da, ýene-de daşa dyrmaşyp ýoly bilen boluberipdir. Onuň bu hereketlerini synlap oturan oglanjyk öz-özünden utanypdyr. Garynjanyň yhlasy, erjelligi oňa güýçli täsir edipdir. Janypkeş garynjadan ybrat alan oglanjyk yhlas bilen ylym almagy ýüregine düwüp, yzyna – öz bilim ojagyna gaýdyp gelipdir.