Her ýyl mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýän şä­her­le­riň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Kä­bir şä­her ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri, kä­bi­ri te­bi­ga­ty, kä­bi­ri tä­sin bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ja­han­keş­de­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Şä­her­le­riň için­den akyp geç­ýän ka­nal­lar hem owa­dan gör­nü­şi eme­le ge­ti­rip, sy­ýa­hat­çy­laryň şä­he­re ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ge­liň, ga­ýyk­ly ge­ze­lenç edil­ýän dün­ýä­dä­ki iň owa­dan şä­her­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

An­si, Fran­si­ýa. Hy­ýa­ly er­te­ki­le­ri göz öňüň­de jan­lan­dyr­ýan An­si şä­he­rin­den ro­man­tik ka­nal­la­ryň bir­nä­çe­si akyp geç­ýär. Bu şä­he­re baş­ga­ça «Alp dag­la­ry­nyň We­ne­si­ýa­sy» hem di­ýil­ýär. Tiu der­ýa­syn­da ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mek bi­len XV-XVI asyr­lar­da gur­lan reňk­li jaý­la­ry syn­lap bol­ýar.
Brýug­ge, Bel­gi­ýa. Or­ta asyr­lar­da gur­lan Brýug­ge di­ňe bir şä­he­riň mer­ke­zi bo­lan Markt meý­da­nyn­da­ky öý­ler bi­len çäk­len­män, eý­sem, şä­he­ri gur­şap al­ýan ka­nal­la­ry bi­len hem meş­hur­dyr. Ot­ly bi­len ba­ryp bol­ýan şä­he­ri 30 mi­nut­lyk ga­ýyk­ly ge­ze­lenç bi­len syn­lap bol­ýar. Şä­he­ri De­mir­ga­zyk deň­zi­ne bi­rik­dir­ýän ak­ja ka­nal­lar hem owa­dan gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär. Brýug­ge şä­he­ri­ne ba­ran myh­man­lar ga­ýyk­ly ge­ze­lenç­den baş­ga-da, ke­na­ry syn­lap, owa­dan how­lu­lar­da dynç alyp ýa-da hoş­boý ys­ly şo­ko­lad dü­kan­la­ryn­da wag­ty­ny ge­çi­rip bi­ler­ler.
We­ne­si­ýa, Ita­li­ýa. Ka­nal­ly owa­dan şä­her­ler ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de We­ne­si­ýa­ny ag­za­man geç­mek bol­maz. 118 ada­ny gur­şap al­ýan We­ne­si­ýa­da 150-den gow­rak suw ýo­ly we 400-den gow­rak köp­ri bar. Agaç­dan ýa­sa­lan ga­ýyk­lar bu şä­her­de asyr­lar­bo­ýy ulag se­riş­de­si hök­mün­de hyz­mat edip gel­ýär. Şä­he­riň ny­şa­ny­na öw­rü­len agaç ga­ýyk­lar bi­len şä­he­riň ta­ry­hy ýer­le­ri­ne, me­de­ni bi­na­la­ry­na ge­ze­lenç edip bol­ýar. Şä­he­riň iň köp ga­ýyk gat­na­wy Uly Ka­nal­da ama­la aşy­ryl­ýar.
Bang­kok, Tai­land. Şä­her­de il­kin­ji ka­nal­lar XVIII asyr­da Rat­ta­na­ko­sin ada­syn­da­ky Uly köş­gi gä­mi gat­na­wy ar­ka­ly go­ra­mak mak­sa­dy bi­len gu­rul­ýar. Soň­lu­gy bi­len ýer­li gä­mi gat­naw­la­ry üçin hem ka­nal­lar peý­da bo­lup baş­la­ýar. Şä­he­riň döw­re­bap­laş­ma­gy bi­len eme­li ka­nal­lar gur­lup, ga­ýyk­ly gat­naw­la­ryň tä­ze ýol­la­ry dö­re­dil­ýär. Sen­sep, Ton­bu­ri şä­he­riň iň köp gat­naw­ly ka­nal­la­ry bo­lup, şä­he­riň owa­dan ýer­le­ri­ne ga­ýyk­ly ge­ze­lenç edip bol­ýar. Şeý­le hem şä­he­riň da­şyn­da de­ňiz jan­dar­la­ry, mi­we­dir gök önüm­ler sa­tyl­ýan «ýüz­ýän ba­zar­lar» hem bar.
Ams­ter­dam, Ni­der­land­lar. Ams­ter­dam­da­ky 165 ka­nal şä­her mer­ke­zin­dä­ki suw ýol­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän la­bi­rin­ti eme­le ge­tir­ýär. Şä­her­de ama­la aşy­ryl­ýan gä­mi gat­na­wy edil tak­si hyz­ma­ty ýa­ly müş­de­ri­le­ri öý­le­ri­niň ga­py­sy­na elt­ýär. Gi­je-gün­diz dy­nuw­syz he­re­ket ed­ýän suw ulag­la­ryn­da şä­he­riň meş­hur ta­ry­hy ýer­le­ri­ne, An­na Fran­kyň öýü­ne, Wan Gog mu­ze­ýi­ne ge­ze­lenç edip bol­ýar. Şä­he­riň kä­bir ka­na­lyn­da «ýüz­ýän» jaý­lar, şeý­le-de sy­ýa­hat­çy­lar üçin «ýüz­ýän» myh­man­ha­na­lar hem bar.
Suç­žou, Hy­taý. Owa­dan bag­la­ry we asu­da ka­nal­la­ry bi­len meş­hur bo­lan Suç­žou şä­he­ri ga­dy­my suw ýol­la­ryn­da­ky gä­mi gat­naw­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Şä­he­riň mer­ke­zin­den geç­ýän Uly Ka­nal dün­ýä­dä­ki iň uzyn we iň ga­dy­my eme­li suw ýo­ly ha­sap­lan­ýar. Uzyn­ly­gy, tak­my­nan, 1 müň 776 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan bu ka­nal Hanç­žou şä­he­ri­ni ýur­duň paý­tag­ty Pe­kin bi­len bir­leş­dir­ýär. Uly Ka­nal­da hy­taý me­de­ni­ýe­ti­ne de­giş­li däp-des­sur­lar hem ge­çi­ril­ýär. Bu ka­nal­da gä­mi­li aý­lan­mak ar­ka­ly söw­da we me­de­ni dynç alyş mer­kez­le­ri­ne, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re, şeý­le hem Şan­tang suw kö­çe­si­ne ge­ze­lenç edip bol­ýar.
Git­horn, Ni­der­land­lar. Ams­ter­da­myň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän Ni­der­land­la­ryň ki­çi­jik oba­sy bo­lan Git­horn suw ýol­la­ry bi­len gur­lan oba bo­lup, owa­dan gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär. Bu ýer­de gara ýol­la­ryň de­re­gi­ne ge­ze­lenç ýo­da­la­ry, we­lo­si­ped ýol­la­ry we ga­ýyk­ly suw ýol­la­ry ag­dyk­lyk ed­ýär. Oba bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar ga­ýyk­ly suw ýol­la­ryn­da ge­ze­lenç et­mek ar­ka­ly agaç köp­rü­le­ri, agaç­dan ýa­sa­lan jaý­la­ry we öz­bo­luş­ly te­bi­gy saz­la­şy­gy syn­lap bil­ýär­ler.