Gazagystan-Hytaý Işewürler geňeşiniň maslahatyndan soň bahasy 15 milliard dollardan gowrak bolan 70-den gowrak söwda resminamasyna gol çekildi. Bu barada Akordanyň metbugat gullugy habar berýär.
Gazagystan-Hytaý Işewürler geňeşiniň sekizinji maslahaty Pekinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň birinji Wise-premýeri, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Ding Suesýanyň gatnaşmagynda geçirildi.