Gazagystanyň çägi Hytaýdan Ýewropa ugradylýan ähli gury ýer ýük daşamalarynyň, takmynan, 85 göterimini üpjün edip, iki sebitiň arasyndaky esasy üstaşyr halkasyna öwrüldi. Bu barada Urumçi şäherinde geçirilen «Hytaý-Ýewraziýa» IX halkara sergisiniň çäklerinde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, milli ykdysadyýet ministri Serik Žumangarin bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Din Suesýanyň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag-logistika düzümini ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy rekord derejä – 48,7 milliard dollara ýetdi. Şeýle hem 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27 göterim ýokarlanyp, 22 milliard dollara barabar boldy. Gazagystan tarapy özara haryt dolanyşygynyň möçberini 100 milliard dollara ýetirmegi esasy wezipe hökmünde kesgitläp, munuň üçin 2027-2030-njy ýyllar üçin niýetlenen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyny hem-de «Ýol kartasyny» utgaşdyrmagy çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Şunda «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerindäki ulag ugurlaryna aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Gazagystan Hytaý bilen serhetýaka gözegçilik-geçiriş nokatlaryny giňeltmek işlerini alyp barýar. Täze gurlan üçünji «Bahty-Aýagöz» demir ýol geçelgesini hem hasaba alanyňda, jemi üç sany geçiriş nokadynyň ýyllyk ýük geçirijilik ukyby 100 million tonna ýetiriler. Hytaý tarapy halkara ulag ugurlarynyň durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny ýokarlandyrjak bu taslamany bilelikde durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny tassyklady. Mundan başga-da, wekiller maýa goýumlar, agrosenagat toplumy, sanly ykdysadyýet, emeli aň, energetika we nawigasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada pikir alyşdylar.
PDF









