Dünýäniň 2 gezek çempiony toparçadan çykyp bilmedi

6

Dünýä Kubogynda “H” toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy Estadio Akron-da Urugwaýyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýunda ispanlar 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 52-nji minutda Aleks Baena öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Ispaniýanyň ýygyndysy 7 utuk bilen toparçada 1-nji orny eýeledi we 1/16 finala adyny ýazdyrdy. 2 gezek Dünýäniň çempiony Urugwaý 15-nji gezek gatnaşan ýaryşynda bassyr 2-nji, umumylykda 5-nji sapar toparçadfan çykyp bilmedi. Ilkinji 2 oýunda deňme-deň oýnan Urugwaýyň ýygyndysynyň toparçada Ispaniýadan soň 2-ni ýeri eýelemegine garaşylýardy.

Duşuşykdan soň Urugwaýyň argentinaly tälimçisi Marselo Bielsa, bar jogapkärçiligi öz üstüne alyp, bu işiň hötdesinden gelip bilmändigini, ýyldyz oýunçylary bir topara utgaşdyryp bilmändigini, yzda şowsuzlyk galdyryp gidýändigini aýtdy.

Ispaniýanyň indiki tapgyrdaky garşydaşy “J” toparçasynda 2-nji ýeri eýelän topar – Awstriýa ýa-da Alžir bolar.