3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagy bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşlikde ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berdiler.

Şeýlelikde, saparyň guramaçylygyna, şol sanda saparyň öň ýanynda geçiriljek Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisiniň taýýarlygyna baha berdiler.

Taraplar şeýle-de şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegine degişli meselelere-de seretdiler.

Ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garalanda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň dowam edilmegi babatda ylalaşdylar.