Gazagystanda bäş sany täze suw howdanynyň guruljakdygy barada Respublikanyň suw gorlary we suwlulandyrmak ministriniň orunbasary Ýerbolat Ibraýhanow habar berdi. Olar ýurduň dört sebitinde: Žetysusk, Günbatar-Gazagystan, Karaganda we Abaý (iki suw howdany) oblastlarynda gurlar. Täze desgalar diňe bir ilatly ýerleri suw bilen üpjün etmän, eýsem, daşgynlaryň töwekgelçiligini aradan aýyrmaga mümkinçilik berer. Sebäbi daşgynlar bu sebitleriň köpüsi üçin esasy mesele bolup durýar, şonuň üçin döwlet bu meselä aýratyn üns berýär.
Ýurtda ýazyna derýalaryň joşmagyna öňünden taýýarlyk görülýär. Geçen ýyl giň gerimli joşgunlaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin Gazagystan Russiýa bilen suw joşgunlarynyň ugruny sowmak ugrunda ylalaşdy. «2024-nji ýylda suw joşgunlary, esasan, Russiýa Federasiýasy tarapdan geldi. Biz öz ýurtlarymyzyň çäklerinde suw howdanlarynyň işini kadalaşdyrmak üçin iş toparyny döretdik» diýip, Ýerbolat Ibraýhanow gürrüň berdi.
Agzalan sebitlerde garyň köp ýagmagy baharda derýalaryň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagyna getirjekdigi çaklanýar.
PDF









