25-26-njy fewralda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralýan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty geçirildi.
Iki gün dowam eden bu sebitleýin maslahatyň işi 8 bölümde dowam eder we olarda HPG-niň orny we wezipleri, Pul-karz syýasaty we hümmetsizlenmäni dolandyrmak, Fiskal syýasaty – näbellilik şertlerinde ätiýaçlyklary döretmek, Diwersifikasiýa we ykdysady ösüş üçin gurluş özgertmeleri, Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde zähmet bazarynyň ösüşi ýaly we başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzdan sebitleýin maslahata Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe kafedrasynyň müdiri A. Muhanow we Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ykdysady nazaryýet kafedrasynyň müdiri R. Jumaýew gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň netijesinde durnukly ösüşiň gazanylýandygyny, maliýe we pul-karz ulgamynyň netijeli işleýändigini, salgyt-býujet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny, alnyp barylýan ykdysady syýasatynyň ylmy taýdan barlaglara esaslanýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän kynçylyklara garamazdan Türkmenistanyň makro ykdysady görkezijileri ösüşiň depginli dowam edýändigini tassyklaýar.
Çeşme: education.gov.tm
PDF









