Gazagystanda energetika kuwwaty 1 Gwt çenli bolan, Merkezi Aziýada iň iri maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezleriniň kampusyny döretmek boýunça «Maglumat merkezleriniň jülgesi» taslamasy durmuşa geçirilýär.
Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taslama 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Pawlodar oblastynyň Ekibastuz şäherinde ýola goýuldy we häzirki wagtda işjeň durmuşa geçirilme tapgyrynda durýar.
«Maglumat merkezleriniň jülgesiniň» işe girizilmegi Gazagystanda sanly infrastruktura we hasaplama kuwwatlyklary boýunça sebit merkezini kemala getirmäge, 30 milliard dollara çenli maýa goýumlaryny çekmäge hem-de 500-den gowrak ýokary hünärli iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.
Hökümet tarapyndan degişli düzümleýin we hukuk şertleri üpjün edilýär. Umumy meýdany 1,4 müň gektar bolan ýer bölekleri bölüp berildi. Döredilýän düzümiň möhüm bölegi halkara hyzmatdaşlary çekmek üçin kuwwaty 100 MWt bolan we geljekde giňeltmäge mümkinçiligi bolan “Greenfield” zolaklary bolar.
Taslamanyň durmuşa geçirilişiniň gidişi Premýer-ministr Oljas Bektenowyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahatda seljerildi.