Gazagystanyň Atrau welaýatynda Sarmatlar döwründe degişli taryhy eserleriň onlarçasy tapyldy. Aktrau häkimligi 2 ýyldan bäri “Karabau-2” kurganynda arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýändigini mälim etdi. Berlen maglumata görä, bu ýerde miladydan ozalky VI , miladynyň VI asyryna çenli sebitde ýaşan çarwa halk bolan Samatralara degişli dürli şaý-sepler, ýaraglar we keramika gaplary tapyldy. Tapylan eserler ilkinji gezek Atrauwyň Taryh muzeýinde köpçülige görkezildi. Eserleriň arasynda iki tarapynda dag geçigaplaňynyň şekili suratlandyrylan, agramy 370 gram bolan altyn bilezik has köp ünsi özüne çekdi.
Arheolog Marat Kasenow alymlaryň Atrau sebitiniň öz döwründe Sarmatýa imperiýasynyň höküm süren ýeridigini aýdýanyklaryny, çykarylan arheologik tapyndylaryň bu pikiri tassyklaýandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, bu ýerden müňe golaý taryhy eser tapylypdyr. Olaryň 100 sanysyny altyn şaý-sepler emele getirýär. Şaý-seplerde, esasan, geçigaplaň, ýabany doňuz, gaplaň ýaly ýabany jandarlaryň şekilleri bar. Arheolog iki sany abat saklanyp galan agaç käsäniň hem tapylandygyny, mundan ozal ýurduň çäginden şeýle eseriň tapylmandygyny belledi.